KONSERWATORIÝANYŇ TALYPLARY MEŞHUR JAZZ ESERLERINI ÝERINE ÝETIRDILER

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda Jazz žanryndaky sazlaryň konserti body. Jaz-bend döretmek pikiri üflenip we urulyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dördünji ýyl talyby Baba Muhammedowyň (saksofon, klarnet) kellesine geldi, ol köpden bäri köňlünden göterip ýören arzuwyny ýoldaşlary Ilgiz Galimowa (saksofon, klarnet) we Kakageldi Gurbanmyradowa (urlup çalynýan saz gurallary) aýtdy. Oglanlar ony goldadylar we topara dördünji birini – fleýtaçy Selbi Annagurbanowany çagyrdylar. Täze topary pianinoçy Natella Bagirowa goldady hem-de saz materiallaryny tapmaga we konsert üçin sazlary taýýarlamaga kömek etdi, olaryň konsertmeýsteri boldy.

Täze toparda ilkinji gezek çykyş etmäge taýýarlanan ýaş sazandalar jaz – ussatlygyň belent derejesiniň köňül joşguny diýen pikire eýerip, improwizasiýasy tilsimini ussatlarça özleşdirdirler.

Konserti Baba Muhammedow açyp, S. Dentriniň «Saksofonly oýlanmalar» pýesasyny ýerine ýetirdi. Saksofonyň labyzly owazy dessine diňleýjileri özüne baglady. Tomaşaçylar ýaş sazandany şowhunly el çarpmalar bilen goldadylar.

Diňleýjiler Jorj Gerşwiniň «Gaýrat edeweriň, hanym!» atly aýdym we tans sintezli eseri tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Ilki iki sesli tema ýaňlandy, soňra sazandalar ýeňil improwizasiýa usulynda öz partiýalaryny ýerine ýetirdiler. Eseri Natella Bagirowanyň pianinodaky çeper solo çykyşy jemledi.

«Takta görä el çarp» we «Söýen ýarym» pýesalarynda Jorj Gerşwin öz sungatyna mahsus demokratizmi beýan edipdir. Onuň saz dili çeperligi, ýiti ýumory, aýan bildirip duran grotesk sypatlary bilen tapawutlanýar. Gerşwiniň estrada sazlaryna nusgawy sazlaryň elementlerini inçelik bilen we sazlaşykly goşmagy başarandygyny bellemek gerek. Bu eserleriň melodikasynda negrleriň hor bolup aýdýan aýdymlaryna mahsus kwarto-kwinto sazlaşygy giňden ulanylypdyr. Jaz toparynyň agzalary ýiti melodiki aksentleri diňleýjilere ýetirmegiň hötdesinden geldiler.

Konsertde iň meşhur jaz eserleriniň biri -- Žosef Kosmanyň «Tänen ýapraklar» eseri atly ýaňlandy. Pýesa duýgylara baýlygy we ýeňilligi bilen saýry gelýär. Onda güýze mahsus keýpiçaglyk bilen aşyklyk deňeşdirilýär.

Isaak Dunaýewskiniň «Hüwdi» eserini-de belläsim gelýär. Onuň sazlary mažor äheňi bilen tapawutlanýar. Winsent Ýumansyň «Taiti-trot» eserini-de diňleýjiler üns berip diňlediler. Saksofonyň bir özi birinji partiýany ýerine ýetirdi, ikinji saksofon ony sazlaşykly melodiki nagyşlar bilen bezedi, urlup çalynýan saz gurallarynyň we fortepianonyň partiýasy sazyň swing ritmini nygtadylar.

Ilgiz Galimow Sidneý Beşeniň tango stilindäki «Kiçijik güljagaz» pýesasyny ussatlarça çalmagy başardy. Fortepianonyň we depregiň duýgylara ýugrulan sesleri saksofon solosyna üýtgeşik bezeg berdi.

Jo Garlandyň «Keýpiçaglyk» («In the Mood») pýesasy konsertiň şadyýan jemlemesi boldy. Ritmli deprek sesleri dürli duýgylary beýan etdi. Çeper fortepiano glissandolary bolsa jaz-bendiň kreatiw ýerine ýetirijilik usulyny nygtady.

Çykyşlardan lezzet alan tomaşaçylar konserte ýokary baha berdiler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14291