ÝEWGENIÝ MIHELSONYŇ DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI: TÜRKMEN MULTIPIKASIÝASYNYŇ ÄGIRDINIŇ ÝUBILEÝINE

Ýewgeniý Iwanowiç Mihelson 80 ýaşady. Saldamly ýaş. Ýöne, meniň pikirime görä, ol çagalar üçin otuzdan gowrak multipikasion film döreden nakgaş-režiýsoryň häsiýetine dahylly däl ýaly. Döredijiliginiň aglaba bölegini ertekiler dünýäsinde geçiren Ýewgeniý Iwanowiç häzirem halk parasady bilen birlikde çaga sadalygy utgaşýan ertekileriň täsirinde.

Ýewgeniý Iwanowiç: «Her çaga zanny päkize şahsyýet. Olaryň özüne mahsus obrazly pikirlenşinde bar zat janly, olaryň özboluşly dili bar. Biz çagalaryň öz dilinde gürlemäge çalyşmaly» - diýýär.

Men Mihelsonyň multfilmleriniň täsiri bilen ösüp kemala geldim, baryp heniz çaga döwrüm ol animasion kinonyň taryhyna «türkmen multipikasiýasynyň atasy» hökmünde giripdi. Meniň iň gowy gören gahrymanlarym – öýsüz-öwzarsyz güjüjek Goňurja, özüne dost gözleýän taýçanak Alawjyk, durmuşa ýaňy gadam basan, düýe gulagynyň ýarsy ýaly kinniwanja, batyrgaý Ýartygulak, islendik kyn ýagdaýdan çykalga tapýan, rahat Hudaýberdi, goldawa mätäç her kişiniň ýanyna uçup barmaga taýýar ganatly Taýharjyk – olar dostlugyň, zähmetsöýerligiň, myhmansöýerligiň, adalatyň hem-de ýagşynyň hemişe ýamandan rüstem gelýän mährem güneşli dünýäsiniň wekilleri...

Türkmenistanda milli material esasynda surata düşürilen ilkinji multipikasion filmiň görkezilen döwrüni ejem gowy bilýär. Ol göni ýarym asyr mundan ozal, 1970-nji ýylda bolupdy, özem ol «Myhman – ataňdan uly» diýlip atlandyrylýardy.

Men ak-gara reňkli plýonkada surata düşürilen gysgajyk, sekiz minutlyk multfilmiň peýda bolşunyň taryhyny golaýda onuň awtorlarynyň öz dilinden eşitdim.

Ýewgeniý Mihelson Aşgabat telestudiýasynda sahna bezeglerini reňkleýji bolup işe başlaýar, ýöne tiz wagtdan sahnalaşdyrylýan telewizion gepleşikleri bezegçi-nakgaş bolup ýetişenligi üçinem oňa hem nakgaş, hem režisýor hökmünde film-konsertleri surata düşürmegi ynanyp başlaýarlar.

Şol döwürde respublikan telewideniýede «Türkmenfilm» birleşigini döredýärler, telewideniýäniň kanunlary göz öňünde tutulyp, kino bölüminiň özboluşly ýoly gözlenilýärdi.

Mihelsonda ideýalar we döredijilik meýilnamalary kändi. Ol köpden bäri çeperçilik gaznasynyň sehlerinde agaçdan ýasalýan türkmen sowgatlyklaryna syn edýärdi. Olar tokar enjamynda göze geliwli ýasalyp, olara ussat nakgaşlar nepis suratlary çekýärdiler we Türkmenistandan ýadygärlik hökmünde höwes bilen satyn alynýardy. Eger sowgatlyklaryň üstüni täze gahrymanlar bilen ýetirip, hereketleri, sesi, montažy we mähirli ýumory bilen multipikasiýa usulynda gysgaça sahnalary goýsaň nähili bolarka?

Professional tejribesi bolmadyk, heniz beýle işi görmedik mutipikasiýa žanryna höwesegiň pikiri özüne çekijidi. Mihelson çeperçilik geňeşiniň agzalaryna başdan aýak filmiň her bir kadrynyň suratlaryny görkezdi. Onuň pikirini goldadylar. Synag filminiň awtory täze dörän multipikatoryň aýlay, ssenariçi Lora Stepanskaýady. Obanyň durmuşyna şatlyk getirýän wakany – tanymal bagşynyň gelmegini ýorduma esas edip aldylar. Multfilme tekstem gerek bolmady. Diňe multfilmiň agaçdan ýasalan gahrymanlaryny emosional janlandyryp, şekili yzyna düşürip biljek dutar owazy gerekdi. Oňa Nury Halmämmedowyň «Şükür bagşy» kinofilmine ýazan «toslanyp tapylmadyk» «halk» sazy gerekdi.

Onuň netijesi garaşylýanyndanam ýokary boldy. «Myhman – ataňdan uly» atly türkmen telewideniýesinde meýilnamadan daşary düşürilen multfilmi Merkezi telewideniýe kabul etdi, ol ýurt içinde, Çehoslowakiýada, Bolgariýda görkezildi, ýöne onuň ýeke-täk nusgasy gürüm-jürüm boldy. Onda-da türkmen mutiplikasiýasynda ilkinji ädim ädilipdi, Mihelson bilen Halmämmedowyň döredijilik hyzmatdaşlygy oňuna boldy.

Nury ömrüniň ahyryna çenli multfilmlere saz ýazypdy. Mihelson we Halmämmedow bilelikde sekiz multfilm döretdiler, režisýor Nurynyň orkestr bilen ýazan her ýazgysynyň ýadyndadygyny, onuň hemişe bagtyýar pursat bolandygyny aýdýar.

Halmämmedowy we Mihelsony içki dünýäsiniň iň gowy sypatlaryny çagalara bagş etmek ruhy islegi dostlaşdyrypdy. Olaryň ikisem uruş ýyllarynyň aç-ýalaňaç çagalarydy, şol döwrüň dürli sebäplerine görä, ýetim galan, ata-ene söýgüsinden juda ir mahrum bolanlardandy.

...Ýewgeniý Mihelson 1940-njy ýylyň 31-nji maýynda Demirgazyk Gazagystanda, kakasynyň sürgün edilen ýeri bolan Petropawlowskide dogulýar. Indi şäherde stalinçilik düzgüniň pidalarynyň stellasy gurlupdyr. Men ony Mihelsonlaryň maşgala arhiwindäki fotosuratda gördüm. Onda Mihelsonyň kakasynyň hem ady ýazylypdyr, ýöne onuň mazarynyň nirdedigi welin belli däl. Onuň ejesem ýüregi çydam etmän, kakasynyň yzysüre dünýäsini täzeleýär...

Ýewgeniý Mihelsonyň başyna düşen adalatsyzlykdyr ýitgileriň onuň ýüregini gatatmandygyny bellemek gerek.

Piterde, I. Repin adyndaky institutyň ýanyndaky Orta Çeperçilik Mekdebinde geçen döredijilik açyşlaryna beslenen ýyllar, ýakyn dostlaryna, ýürek beren kärine we döredijilik yhlasyna duşuran Aşgabatda geçen ömri Ýewgeniý Mihelsonyň döredijiliginiň aýdyň ýoluny, onuň zannynyň hakyky mährini ömürlik kesgitläpdi...

Men beýik kompozitoryň aýaly, gynasagam, geçen ýyl dünýeden gaýdan Gülsoltan Gylyjowna Halmämmedowadan Mihelsonlar barada köp zat eşidipdim...

Nury Halmämmedow adyndaky Moskwa Halkara festiwalyny geçrimegiň taslamasyny taýýarlap ýörkäm Gülsoltan Gylyjownanyň meni Lora Grigorýewna we Ýewgeniý Iwanowiç bilen tanyşdyrmak baradaky teklibine ýürekden begenipdim. Olaryň meniň pikirimi diňe bir goldaman, eýsem ony döredijilik taýdan ýakyndan goldamagy ýüregimi galkyndyrdy.

Mihelsonyň «Dutar-Skripka açary» suraty festiwalyň nyşany boldy. Lora Grigorýewna festiwaly Nury Halmämmedowyň «Dutaryň owazy» meşhur fortepiano pýesasyna görä atlandyrmagy teklip etdi. Olar biziň guramaçylyk toparmyzyň hataryna girdiler we häzirem halkara forumyň ylmy-çeperçilik maksatnamalarynyň mundan beýlägem ösdürilmegine ýardam edýärler.

«Dutaryň owazy» Moskwa Halkara IV festiwalynyň çäklerinde Ýewgeniý Mihelsonyň «Reňkli ömür» atly akwarel suratlarynyň sergisiniň şowly geçendigini guwanç bilen bellemekçi.

Russiýanyň Çeperçilik Akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumy festiwalyň geçirilýän esasy meýdançalary. RÇA-nyň Prezidenti, ÝuNESKO-nyň hoşmeýilli Ilçisi Zurab Sereteli «Dutaryň owazy» Moskwa Halkara IV festiwalyna gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna ýüzlenip: «Nakgaş, režisýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň agzasy, Russiýanyň Kinematografiýaçylar birleşiginiň agzasy, Halkara multipikatorlar assosiasiýasynyň (ASIFA) agzasy Ýewgeniý Iwanowiç Mihelsonyň akwarel suratlar sergisiniň açylmagy mynasybetli begenjiňize menem goşulýaryn!

Sowet multipikasiýasy ýurdumyzyň režisýorlarynyň we nakgaşlarynyň naýbaşy eserleri bilen taryha girdi. Ol häli-häzire çenli tutuş dünýäni haýran edýär, ony ýaş zehinlere nusga edip goýýarlar we ösüp gelýän nesle görkezýärler. Çünki bu multipikasiýany professional nakgaşlar, Russiýa žiwopis mekdebiniň iň gowy ýörelgelerini dowam etdirenler döredipdi. Biz muňa şu sergä gelip hem göz ýetirýäris» - diýip belledi. Munuň özi doly döredijilik we köňül güýç-gaýratymyz bilen işlemegimizi dowam etmek üçin ajap itergidir.

Ýewgeniý Iwanowiç juda öndümli işleýänlerden. Ol işleýändigi üçinem ýaşap ýörendigini aýdýar. Onuň Moskwanyň etegindäki şäherleriň muzeýlerindäki we Moskwanyň Milletler öýündäki täze manzarlarynyň, natýurmortlarynyň sergileri hemişe bu ýere gelýänlerde ýakymly täsir galdyrýar, olar güneş nurunyň ruhuna, güýzüň asuda tebigy gözelligine, ter miweleriň, gülälekleriň mesgenine, depesi asmana ymtylýan ak sütün gaýyňlara, türkmen gawunlarynyň datly dilimlerine, çäge alaňyny böwsüp çykan täk sazaga, nar däneleriniň dürüne, üzümiň açyk reňkine – durmuşyň daşymyzy gurşap alan beýik sahawatyna bakmakdan lezzet alaýrlar...

Russiýa we Türkmenistan, Türkmenistan we Russiýa onuň ýüregine hemişelik söýgi bilen ornaşan... Men onuň indi ençeme ýyl bäri türkmen kino sungaty ussatlarynyň portretlerini çekip ýörendiginden habarly. Olar onuň häzir aýatda diri we dünýeden öten dostlary... Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Nury Halmämmedow, Ata Döwletow, Hojam Öwezgelenow, Sary Garryýew, Aleksandr Çernow, Ýakup Myratnazarow... Olaryň keşbi bize bakyp dur. Olar müdimi. Täzeden taze portretleriň döremegini isleýäň...

Mihelsonlaryň işigi gelene mydama açyk. Onuň deň-duşlarynyň aýtmagyna görä, ol «Myhman – ataňdan uly» nakylyna laýyk hemişe-de açykdy. Ol ýerde, bizde öňden gelşi ýaly, artyk sowal bermezden seni hezzetlärler, gepiňi diňlärler, goldarlar, köşeşdirerler. Mihelson dostlarynyň göwnüni ýykmaýar – öz işlerini peşgeş berýär. Häzir onuň işleri diňe bir Türkmenistanda we Russiýada däl, eýsem ABŞ-da, Kanadada, Ysraýylda, Gazagystanda, Ukrainada, Germaniýada... hususy kolleksiýalarda saklanylýar.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleriniň ikisiniň durmuş guranyna indiki ýyl 60 ýyl dolýar. Türkmen telewideniýesindäki, «Türkmenfilm» kinostudiýasyndaky, Aşgabadyň Puşkin adyndaky teatryndaky ... umumy we aýry-aýry döredijilik işleriniň ýüzlerçesini agzasa bolar. Olaryň Hormat hatlaryny, medallaryny, diplomlaryny, baýraklaryny agzajakmy...

Olar ýeke ogly Antona we köpsanly agtyk-çowluklaryna guwanýan zehinli, owadan adamlar.

Ýewgeniý Iwanowiç, Lora Grigorýewna !
Entekler ýaşaweriň. Biz size minnetdar. Siz entek bize gereksiňiz.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14361