RESUL GYLYJOW - ORKESTR, DÖREDIJILIK WE ÖZI IHAKDA

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Men okyjylarymyzyň adyndan ussadyň özüni we onuň ýolbaşçylyk edýän döredijilik toparyny gutlamak üçin onuň bilen duşuşdym.

- Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri 2007-nji ýylda döredildi. Onuň ilkinji ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Oraz Berdiýewiň baştutanlygynda milli opera sungatynyň iň güýçli eserlerini gaýtadan dikeltmek boýunça işe girişildi. Onsoň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň repertuaryny «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr» we beýleki operalar bezedi...

Toparyň baý terjimehalynda belli daşary ýurtly aýdymçylar, sazandalar we dirižýorlar bilen çykyşlar bar. Italýan režisýory Daniele de Planonyň Rujero Leonkawallonyň «Oýunbazllar» operasyny goýmagy, onda tanymal tenor Françesko Anileniň ajaýyp çykyş etmegi diňe bir orkestriň däl, eýsem milli saz sungatynyň taryhynda hem şanly waka boldy. Ýene bir bellenilmeli zat- ol hem orkestriň Aşgabatda her ýyl geçirilýän Wena balyna gatnaşmagydyr...

...Resul Gylyjow heniz talyp döwri ýurdumyzyň aýdym-saz äleminde özüni tanadyp başlady, şondan bärem onuň muşdaklarynyň ençemesi zehinli we özüne çekiji dirižýoryň döredijiligine içgin syn edýärler. Onuň hoşamaýlygy, çeper we ýeňil dirižýorlyk dili özüne maýyl edýär. Onda az wagtda birnäçe konsert taýýarlamaga, şeýle hem täze saz möwsümlerine taýynlyk görmäge güýç-gaýrat nirden döreýärkä diýen sowal onuň ýakynlary üçinem syr bolup galýar...

-Resul, Siz indi 5 ýyl bäri orkestre ýolbaşçylyk edip gelýärsiňiz, siziň adyňyz diňe bir ile dolman, eýsem perfeksionizmiň sinonimine öwrüldi, batyrgaý saz täzelikleri bilen baglanşykly. Siz sungat üçin sungatyň bilen meşhurlygyň hatyrasyna sungatyň arasyndaky inçe çelgini nädip saklap bilýärsiňiz?

-Menem adaty, galjaň oglanjykdym, hezil edip futbol oýnaýardym. Galyberse-de, maşgalamyzda sazanda-da ýok, eger daýzam Maral Bäşimowna Çerkezowa bolmadyk bolsa, men beýle meşhur bolmazdym gerek. Ol meniň saza syzgyrlygymy we ritmi gowy duýýanlygymy aňyp, meni skripka ugrundan Çagalar ýörite sazçylyk-mekdep internatyna getirdi...

Meniň üçin indi Saz esasy orna geçdi. Soňra ýaşlar orkestrini döretmek barada pikir kelläme geldi, men onsoň dirižýorlyk edip ugradym. Şeýdibem, arzuwymy kem-kemden wysal edip, Sungata gulluk etmek derejesine synagdan geçdim.

Bir sepgide ýetip, ýeneki ýola-da ukybymyň bardygyny bilemsoň, indiki sepgide ýetjek bolýaryn. Saz diňe diňleýji üçin meşhur bolýar, sazanda üçin welin, saz – jebirli gözleglerdir şübhelerden, güzaply repetisiýalardan we yzygiderli özüňi taplamakdan kemala gelýän Belentlik. Döredijilige durkuň bilen berilmeli, özüm-ä bir şeýdýän welin, sazandalaryň hersindenem şoňa garaşýan.

-Nusgawy sazlary wagyz etmek, ony tomaşaçylaryň we diňleýjileriň dürli nesliniň wekilleriniň talabyna laýyk getirmek pikiri – täzelik däl. Şeýle bolsa-da, Size dürli žanrlary utgaşdyrmak, nusgawy eserlere ýaşlyk joşgunyny bermek, diňleýjiler bilen açyk gatnaşykda bolmak başardýar.

Siziň toparyňyzyň her bir konserti – ýatdan çykmajak waka öwrülýär. Biz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşuň 75 ýyllygyna bagyşlanan konsert üçin Size hoşallyk bildirýäris. Siz aşgabatly tomaşaçylary Çarli Çapliniň döreden sazlary bilen tanyşdyrdyňyz. Çagalaram, ulularam Disneýiň multfilmlerine Saz dilinde syýahatdan lezzet aldylar...

-Orkestriň üstünliginiň syry, sazandalaryň zehininden başga-da, her kimiň şahsy başarnygyny doly açyp görkezmäge we biziň umumy sahna medeniýetimizi ösdürmäge ýardam edýän repertuarymyzyň baýlygyndan ybarat. Çagalaryň we ulularyň begenji – biziň üçin iň uly sylag. Biz halanylýan «Böwenjik» we «Akpamyk» ertekilerini türkmen kompozitorlaryny sazyna geçirip, ýaşajyk saz muşdaklarymyza ýakymly sowgat etmegi göz öüňnde tutýarys.

-Ýakyn wagtda uly ýaşly tomaşaçylary näme bilen geň galdyrmakçy?

-Güýzde doglan gününe 220 ýyl dolýan Lýudwig wan Bethoweniň eserlerinden konsert bermegi niýet edinýäris. Eýýäm repetisiýalra girişdik.

-Sizi ýene bir gezek abraýly baýrak bilen gutlaýarys we siziň kreatiw pikirlenýän toparyňyň çykyşlaryna sabyrsyzlyk bieln garaşýaryz.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14546