DYNÇ ALYŞ ZOLAGY WE WETLAND-SEÝILGÄH: «ALTYN KÖLÜŇ» GELJEGINE ALYMYŇ GARAÝŞY

photo

Maý aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndaky «Altyn köle» baryp gördi, eýýäm 15-nji iýunda bolsa döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda dynç alyş düzüminiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Kölüň töweregindäki ýerleri tapgyrlaýyn köpugurly döwrebap dynç alyş zolagyna öwürmegiň barşynda kottejler, söwda merkezleri, ýaht-klub, myhmanhanalar, fitnes-zallar, ýapyk we açyk howdanlar, restoranlar, çagalar oýunlary meýdançalary, sport meýdançalary, akwapark, medeni çäreler geçirilýän ýerler, seýilgähler, saglyk öýi, gaýyk duralgasy we ş.m. gurlar.

Wajyp ornotologiýa we tebigaty goramak nukdaý-nazarlaryndan Ramsar konwensiýasynyň ölçeglerine laýyk gelýän tebigy elementleri bolan kölüň kenarlary we düzümi hem tebigy taýdan özgerer. Garagumyň bu merjeniniň tebigy deňagramlylygyny saklamak boýunça hünärmenleriň öňünde duran wezipeler barada gürrüň bermegini haýyş edip, biz 2016-njy ýylda Türkmenistanyň gatnaşmagynda döredilen Merkezi Aziýa Ramsar Sebit başlangyjynyň (MAR-SB) Utgaşdyryjy komitetiniň Başlygy, bilogiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar Rustamowa ýüz tutduk.

-Eldar Anwerowiç, Siz asly oturymly aşgabatly hökmünde, belki, köl barada öz pikiriňizi aýdarsyňyz?

-1962-nji ýylda Amyderýanyň suwy Garagum derýasyndan Aşgabada gelende taslamaçylar we kanal gurujylar paýtagtyň demirgazyk-günbatarynda Garagum çölüniň etegindäki Gurtly çöketligini suwdan doldurmagy niýet edindiler. Şeýdibem, emeli Gurtly köli döredi, ol ençeme ýyllap aşgabatlylaryň we şäherimiziň myhmanlarynyň dynç almagy halaýan ýerine öwrüldi, men indi bu tebigy desganyň töwereginiň özgerýändigine ýürekden begenýärin, oňa «Altyn köl» diýlip şahyrana at berilmegi tötänden däldir.

-Siz oňa tebigy desga diýdiňiz, ýöne ol emeli köl ahyry...

-Dogry, ýöne ondan bäri 60 ýyl geçdi, şol döwürde bu ýerde tebigy elementli girdologiýa we ekologiýa häsiýetli tebigy elementleri bolan ekoulgam kemala geldi. Suw ekologiýa faktory hökmünde Köpetdagyň dag etek düzlügini, şol sanda Aşgabadyň etegini düýpli özgertdi. Mysal üçin, bioköpdürliligi alyp göreliň. Biz, ornitologlar Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak Şalyk jemgyýetiniň (RSPB) bilermenleri bilen bilelikde kölüň biologik ýagdaýyna gözegçilik edenimizde diňe guşlaryň 212 görnüşi ýüze çykaryldy, özem olaryň aglaba böleginiň suwda-batgalykda ýaşaýan guşlardygy bellenmäge mynasypdyr.

-Bu gözegçilik näme maksat bilen geçirildi?

-2005-2009-njy ýyllarda Türkmenistanda «Merkezi Aziýanyň esasy ornitologiýa ýerleri» atly halkara taslamasy durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda ornitologiýa we tebigaty gormak nukdaý-nazaryndan örän möhüm ýerleriň 50-si ýüze çykaryldy, olaryň her biri belli bir ölçegler boýunça degişli nominasiýa aldy. Şeýlelikde, Gurtly köli Merkezi Aziýanyň örän möhüm tebigy desgalarynyň halkara sanawynyň ulgamyna girdi. Ol howdanyň halkara derejesinde ilkinji gezek ykrar edilişidi.

Kölde guşlaryň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşleriniň, mysal üçin, buýra we gyzyl gotanlaryň, kiçi sakar gazyň, mermer we akgöz çümüji ördekleriň, kaşykburunyň, gyzylinjigiň, soltantowugyň, balykçy bürgüdiň we beýlekileriň ýaşaýandygyny ýa-da dürli döwürlerde göze ilýändigini aýtmak gerek.

Kölüň gyşlaýan suwda-batgada ýaşaýan guşlar üçin möhüm ähmiýeti bar, çünki ol guşlaryň Köpetdagyň demirgazyk eteginden uçuş ýolunuň ugrunda ýerleşýär. Kä ýyllaryň gyşynda köle suwda ýüzýän we suwa golaý ýaşaýan guşlaryň 20 müňe golaýy gelýär, bu bolsa howdany Ramsar sanawyna goşmaga teklip etmäge esas bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2009-njy ýylda suwly-batgaly peýdalanylýan ýerler barada Halkara konwensiýasyna (ol 1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda Eýranyň Ramsar şäherinde kabul edildi) gol çekdi, onuň çäklerinde döredilen Ramsar peýdalanylýan ýerler sanawyna her ýurt öz nukdaý-nazaryndan has möhüm suwly-batgaly ýerleri girizýär, ýöne ol hökmany suratda Ramsar konwensiýasynyň talaplaryna laýyk gelmeli. Häzirki wagtda 171 ýurt konwensiýa gatnaşýar, Merkezi Aziýada şeýle ýerleriň umumy meýdany 4.718.089 gektar bolan 21-si bar, olardan biziň ýurdumyzdan diňe Türkmenbaşy aýlagy (267.124 ga) girizildi.

Ramsar konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça biziň Iş toparymyzyň meýilnamasynda «Altyn asyr» Türkmen köli we Türkmen aýlagy (Balkan welaýaty), Sarygamyş köli (Daşoguz welaýaty), Soltandag we Kelif kölleri (Lebap welaýaty), Hanhowuz suw howdany (Mary welaýaty) we «Altyn köl» (Ahal welaýaty) boýunça bu sanawa goşmak üçin teklipleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

-Munuň özi ýakyn wagtda «Altyn kölüň» Ramsar sanawyna goşuljakdygyny aňladýarmy?

-Hawa, ýöne bir ýagdaý bar: biziň taýýarlaýan teklibimize suwly-batgaly ekoulgam hökmünde kenarda we onuň düzüminde bolup geçjek özgertmeleriň ählisini girizmeli bolar. Şonuň üçinem kölüň Ramsar konwensiýasynyň ölçeglerine laýyk gelýän sypatlarynyň ählisiniň saklanyp galmagy möhümdir. Teklip berlen türkmen suwly-batgaly ýerleriň hemmesiniň biziň üçin wajyplygyny aýdaýyn, şeýle bolsa-da, bu babatda «Altyn asyr» Türkmen kölünden başga-da, paýtagtymyzyň «Altyn kölüne» aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Häzir ony düşündireýin. Suwly-batgaly peýdalanylýan ýerler urbanizasiýanyň ekologiýalaşdyrylmagy babatda şäherleriň durnukly ösüşi jähtinden wajyp ähmiýete eýedir. 2013-nji ýyldan başlap, Aşgabadyň çägi has-da giňäp, oňa «Altyn köl» hem girenden soň, indi ol Garagumyň etegindäki köl däldir, ol paýtagtyň binagärlik landşaftyna sazlaşykly goşulmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda säherde suwly-batgaly ýerleriň zerurlygyny ýatlatmak gerek, çünki olar durmuş hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýärler. Adam köp babatda tebigy, şeýle hem şäherlerde emeli döredilen şol ýerleriň ýagdaýyna baglydyr. Şäheriň çägindäki suwly-batgaly ýerler ekologiýa deňagramlylygy saklamaga we durmuş gurşawyny sazlaşdyrmaga ýardam edýär.

Ramsar konwensiýasy şäherlerdäki suwly-batgaly ýerleri saklap galmaga gönükdirilen çäreleri görmäge çagyrýar. Goralýan şeýle ýerler şäherlere ummasyz ykdysady, sosial we medeni peýda getirýär. Bizde paýtagtymyzy günortadan jähekleýän gök zolak bar, demirgazykdan bolsa henizem Garagumyň howasy duýulýar, şunuň bilen baglylykda «Altyn kölüň» töweregindäki ýerleriň dynç alyş mümkinçilikleriniň belli bahasy ýokdur.

Hut şunuň bilen baglylykda hem oňa halkara derejesini almak zerurlygy şundan gelip çykýar. «Altyn köl» Ramsar konwensiýasyna hödürlenenden soň Merkezi Aziýada ilkinji suwly-batgaly peýdaly ýer we Türkmenistandaky ilkinji şäher wetland-seýigähi hökmünde oňa biz akkreditasiýa almagy göz öňünde tutýarys.

Şunuň bilen baglylykda, Ramsar konwensiýasy Taraplarynyň Maslahatynyň 13-nji mejlisinde (Dubaý, 2018-nji ýyl) Hytaýdan, Fransiýadan, Wengriýadan, Koreýa Respublikasyndan, Madagaskardan, Şri-Lankadan we Tunisden 18 şäheriň akkreditasiýa alandygyny, biziň sebitimizden biriniň hem ýokdugyny bellemekçi.

-Akkreditasiýa almak üçin nähili talap bildirilýär?

-Akkreditasiýa almaga öz dolandyryş ulgamy bolan şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň hukugy bar. Akkreditasiýa almak üçin şu kadalara laýyk gelmeli. Şäher suwly-batgaly ýerler ekoulgam hyzmatlarynyň birnäçesini bermeli; şäher häkimiýetleri gidrologiýa we bioköpdürlilik gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, suwly-batgaly ýerleriň hem-de degişli ekologiýa hyzmatlarynyň saklanyp galmagy üçin çäreleri görmeli; suwly-batgaly ýeri dikeltmek we ony dolandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmaly; toplumlaýyn territorial meýilleşdirme meselelerini çözmeli; jemgyýetçiligiň suwly-batgaly ýeriň gymmatlylygy barada habardarlygyny jemgyýetçiligiň suwly-batgaly ýeriň gymmatlylygy barada habardarlygyny, mysal üçin, bilim-habarlar merkezleri arkaly (bizde ony göni kölde geçirmeli) ýokarlandyrmaly; akkreditasiýa boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek üçin şäher komitetini (ýa-da topar) döretmeli.

Olar amal edilip bolunjak işler, döwlet Baştutanynyň kölüň kenarynda döwrebap dynç alyş düzümini kemala getirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda bu ugurda toplumlaýyn iş alnyp barylýar. Häzirlikçe ýerine ýetirilmedik, ýöne akkreditasiýa üçin möhüm ýeke şert: şäher wetlandy beýlekiler ýaly Ramsar sanawynda bolmaly.

Ramsar konwensiýasy boýunça türkmen Iş toparynyň agzalary «Altyn köl» medeni-dynç alyş zolagynyň taslamaçylaryna we gurluşykçylaryna ekoulgam üýtgedilse-de, onuň bioköpdürliligini ýitirmezlik üçin maslahatlar berip bilerler. Taslama ak mermer paýtagtymyzy Merkezi Aziýada halkara ähmiýetli suwly-batgaly ýerli we wetland-seýilgähli ilkinji şäher hökmünde hödürlemäge mümkinçilik berer.

-«Altyn kölüň» geljegi barada pikiriňiz?

-Biolog-alym hökmünde medeni-sagaldyş düzüminden başga-da, «Altyn kölüň» töwereginde ylmy merkeziň we guşlara syn eder ýaly diňli ekologiýa ýolunyň bolmagyny, umuman, tebigata has ýakyn şertlerde dynç alşyň guralmagyny isleýärin.

«Altyn köl» guşlaryň ençemesiniň mekany bolmagynda galmalydyr, suwda-batgalyk ösümlikleriň dürli görnüşleri bilen haýran etmelidir. Bu ýerde döredilýän dynç alyş zolagy – häsiýeti boýunça urbanizirlenen giňişlikde özboluşly ekologiýa taýdan durnukly ada bolup, ol, gürrüňsiz, ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge ýardam eder we janly tebigat dünýäsini, işjeň we sagaldyş dynç alşy halaýanlar üçin islegli ýere öwrüler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14599