ÝEWGENIÝA ADAMOWANYŇ SURATLARYNYŇ BIRINIŇ DÖREÝŞI

photo

Ýatlamalar, misli durmyş monjugynyň gymmatly dürleri ýaly, ýatda galan duşuşyklardyr wakalardan wagt näçe kän geçse-de, biziň ykbalymyzyň paýyna düşen her bir pursadyň, hat-da ownujak zadyň-da gadyr-gymmaty artdyrýar...

Golaýda joram Jemal Kerimowa ýatda galyjy üýtgeşik bir wakany gürrüň berdi.

Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesinde okaýan döwri Jemal türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergilerine köp barýan eken. Şeýle sergileriň birinde onuň ýanyna Ýewgeniýa Mihaýlowna Adamowa gelip, öz täze suraty üçin naturaçy bolmagy haýyş edýär. Olar bellenilen sagadynda Türkmenistanyň halk nakgaşynyň ussahanasynda duşuşýarlar.

Ýewgeniýa Mihaýlowna ýygymçy zenanyň keşbini döredýärdi, ýöne Jemalyň hereketleri oba gyzynyňka meňzemeýärdi.

-Sen pagta ýygyp görmediňmi näme?

-Ýok. Talyplar otrýady bolup pagta gidemizde-de, meni aşhana iberýärdiler.

-Gynanama, seniň keşbi başga suratym üçin ulanaýaryn... ataň-eneň seniň nakgaş bolmagyňa garşy çykmadylarmy?

-Ýok, tersine, goldadylar. Kakamyň özi nakgaş-da.

-Seňki çüwüpdir. Meniň kakam maliýeçi, ol maňa žiwopis barada pikir etmegem gadagan etdi. Ilkibada onuň diýenini edip, mugallym boldum, soňra lukmançylyk institutyna okuwa girdim, emma 3-nji ýylynda resminamalarymy aldym-da, çeperçilik uçilişşesine tabşyrdym. Öýde turan gohmy, aýdyp-diýer ýaly däldi! Birnäçe ýyllap ata-enem bilen gatnaşygym öwerlikli bolmady. Hut şol döwür bolan üýtgeşik bir wakany gürrüň bereýin.

«Uruş ýyllarydy, ol wagt Iwan Iwanowiç Çerinko (1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinde wepat bolan tanymal nakgaş) meniň ýanýoldaşymdy. Bir gezek demir ýoldan geçip barýarkam, elewräp bir zat gözleýän garry aýala gabat geldim. Ol rusça bilmänsoň, näme bolandygynam düşündirip bilmese-de, onuň kömege mätäçdigi bildirip durdy» - diýip Adamowa gürrüňe başlady.

Ýewgeniýa Mihaýlowna ony ata-enesiniň öýüne eltýär. Nakgaşyň ejesi türkmençe, myhman – rusça bilmeselerem, olar bir-birine gowy düşündiler. Tizara olar Mamajan ejäniň iki oglunyň bardygyny, ulusynyň geçen ýyl, kiçisiniň bolsa golaýda fronta alnandygyny bilýärler. Ene ogluny Aşgabada çenli ugradýar. Birdenkä otly ugraýar-da, perronda onuň bir özi galaýýar! Daş-töweregi demir ýol, näbelet adamlar geçişip ýör. Başy aýlandy... Ol bu ýere näme üçin gelendigini ýatdan çykardy, indi nätjegini bilmeýärdi... Gorkudan ýaňa aljyrady.

Mamajan eje Adamowlaryň maşgala agzalarynyň biri ýaly bolsa-da, ol öz öwrenişen endigini goýmaýardy, krowadyndaky düşegi alyp ýere ýazardy... Üç günden soň ol özüni bazara äkitmegi haýyş etdi. Agajet zenan özüne gerek zady gözläp, hatar-hatar aýlandy, ahyrsoňam tapdy. Ol ak, gara, gyzyl reňkli ýüň ýüplükdi. Onuň näme isleýändigini bilenlerinden çiş hem satyn aldylar.

Öwrenişenje pişesi ony janlandyrdy, çakgan hereketleri onuň el işlerine ökdediginiň şaýadydy. Ol ilkinji jorabyny öý hojaýynyna sowgat berdi, soňra milli usulda örülen ýüň joraplar Adamowlaryň maşgalasyna degişli adamlaryň hemmesine ýetdi. Soň myhman özüne howandar çykan maşgala kömek etmekçi bolup, satlyk jorap örjek boldy. Ýöne Ýewgeniýa Mihaýlownanyň kakasy: «Biz günümizi göreris. Gowusy, jeň meýdanyndakylar üçin jorap örüň!» - diýdi. Mamajan eje bu maslahaty ýürekden kabul etdi, çünki onuň ogullaram uruşdadygy ahyry. Belki, ene elleriniň mähri siňen joraplar ogullaryna düşer...

Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň bähbidine Goranmak gaznasyna tonnalap şaý-seplerini tabşyran türkmen zenanlarynyň edermenligi asyrlarboýy ýatdan çykmaz. Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýewgeniýa Adamowa meşhur «Türkmen zenanlary – Watana» atly suratyny çekip, gymmatly şaý-seplerini, pul serişdelerini we obligasiýalaryny, oba hojalyk önümlerinidir ýyly eşikleri Goranmak gaznasyna geçiren ildeş zenanlarymyzyň edermenligini ebedileşdirdi.

Suratyň emosional täsirini güýçlendirýän we döwrüň pajygalydygyny nygtaýan gyzyl düşeginde zenanlar kabul ediş nokadynda – olaryň keşbinde hasratdyr dogum görünýär. Olar faşizmden Ýeňşiň hatyrasyna maşgalada saklanylýan gymmat bahaly zatlary Goranmak gaznasyna tabşyrýarlar. Şaý-sepleriň ýanynda joraplar hem görünýär...

Okyjylar, belki, suratda şekillendirilen zenanlaryň biriniň Mamajan ejedigni aňan bolsa gerek. Elbetde, Ýewgeniýa Mihaýlowna ony çekmän biljek däldi. Surat Mamajan ejäniň öýlerinden gideninden has soň çekilen bolsa-da, onuň eskizleri galypdy, olarda gujurly we ogullarym dirimikä beri? - diýip alada galýan enäniň keşbi şekillendirilýär. Nakgaş Mamajan ejäniň keşbini suratyň merkezinde çekipdir.

...Ýeňiş zalpy atylandan kän wagt geçmän Mamajan eje düwünçeginden öz salgysy ýazylan ýygrylyp giden kagysy çykardy... Näme üçin şol wagt çykardyka? Belki, huşuna aýlanandyr, ýöne ol öýünde özüne hiç kimiň garaşmaýandygyna düşünen soň boş haňlap ýatan öýüne barasy gelen däldir. Galyberse-de, ol uruşdakylar üçin jorap örýärdi ahyry...

Är-aýal Adamowlar bilen Mamajan eje öz obasyna ugradylar. Obadaşlary iki ýarym ýyl mundan ozal dereksiz ýiten daýza dirirdirem öýtmändirler. Onsoň oňa öýünde bolmadyk döwri uly oglundan iki hatyň, kiçisiniň wepat bolandygy baradaky hat gelendigini aýdýarlar. Kiçi ogly hakda ýaramaz habary eşiden ene doňup galýar. Ýewgeniýa Mihaýlownanyň ata enesi Mamajan ejä goňşylaryna Aşgabatdaky salgysyny goýup, şähere gaýtmagy teklip edýärler, ýöne ol etmändir.

Şondan iki aý geçensoň hat gatnadyjy Adamowlara hat getirdi, onda Mamajan ejäniň uly ogly ejesini goldandyklary üçin hoşallyk bildiripdir we myhmançylyga çagyrypdyr...

Mamajan eje baradaky gürrüň seans gutaryp barýarka tamamlandy, şoňa çenli Ýewgeniýa Mihaýlowna Jemalyň suratynyň birnäçe eskizini edip ýetişipdi. Adamowanyň «Toýa» atly suratyndaky owadan geýnip toýa howlugýan gyzyň keşbinde Jemal özüni tanaýar...

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14703