FOTOSURATLAR SUNGATY: KÄR USSATLARY

photo

19-njy awgustda Bütindünýä fotografiýa güni bellenilýär. Özboluşly şekil sungaty biziň düýnä baradaky düşünjämizi özgertdi. Fotosuratlar – hem maglumatlaryň bahasyna ýetip bolmajak gory, hem durmuşa garaýşyňy üýtgetmäge mümkinçilik, kimdir biriniň käri bolsa, kimsäniň halaýan pişesi...

Bar zat 1839-njy ýylda fransuz nakgaşy, oýlap tapyjy-himiýaçy Lui Dager şekiliň suduryny almagyň usulyny açandan soň başlanýar, oňa Dageriň hatyrasyna «dagerrotip» diýip at berýärler. Negatiw-pozitiw tehnologiýany oýlap tapan iňlis alymy Uilýam Talbot hem taryha girdi. «Kalotipiýa» diýlip atlandyrlyan häzirkizaman foroşekiller şol usul esasynda alynýar.

19-njy awgustyň Bütindünýä fotografiýa güni diýlip saýlanylmagy tötänden däldir. Hut şol gün 1839-njy ýylda Fransiýada «ýatkeşli aýnanyň» oýlanyp tapylandygy yglan edildi. Şeýlelikde, fotografiýa dünýäni üýtgedip we özgerdip, möhüm wakalary taryh üçin elýeterli edip, düýnäi eýeläp ugrady.

Elbetde, Dager bilen Talbot öz oýlap tapan zadynyň diňe bir medeniýetde däl, ylymda hem islegli bolman, eýsem hakyky ýagdaýy şekile salmakda, başarnygy belent sungata öwürmekde mümkinçilikler açjakdygyny gümanam eden däldirler...

Indi fotografiýa durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdy. Sanlaşdyrma we ýokary tehnologiýaly gajetler eýýamynda her kimiň ozüni fotograf ýa-da fotonakgaş hökmünde synap biler: üýtgeşik selfi düşürip, duýgylaryny we dünýägaraýşyny beýan edip, owunjak zatlary hem görüp, surata alyp biler. Ýöne pursady suratda togtatmak, onuň içki sazlaşygyny bozmany şekil çeperligini gazanmak üçin bilim, tejribe, zehin gerek...

Kärdeşlerimizňi ikisinde – fotožurnalistler Wladimir Komarowda we Süleýman Çaryýewde şeýle sypatlar bar. Adatça olaryň täsirli we «gürleýän» suratlary biziň makalalarymyz bilen birlikde çap edilýär, ýöne Bütindünýä fotografiýa güni yşyk bilen surat çekmek (grekçeden «fotografiýa» sözi şeýle terjime edilýär) sungatynyň «sahnasynyň arkasyna» garamaga we olaryň fotografiýa söýgüsiniň durmuşlaryny üýtgedişi barada bilmäge synanşalyň.

Fotografiýa ussatlarynyň ýaşulylarynyň we ýaş nesliniň wekillerinniň işleri netijesinde modern stilinde wizual syýahat edip ýa-da özboluşly tebigat gözelliklerine syn edip, häzirki döwrüň gazananlaryna guwanyp ýa-da taryhyň ruhuna aralaşyp, portretler bilen tanşyp, özgertmeler depginini duýsa bolýar.

Fotožurnalistika – žurnalistikanyň emosional taýdan iň täsirli žanry. Hakyky kadryň güýjini galplaşdyryp bolmaýar, şekiliň takyk bir nokada gönükdirilmegi makalaynyň täsirni güýçlendirýär.

Ylmy-tehiniki progresiň ösen eýýamynda näbelet adama şekil almak aňsat ýaly görünýär. Ýöne gowy fotosurat – ozaly bilen düýnä çeper garaýyş we täzelikleriň baryna açyklyk bilen garaýan, öňünden oýlanşykly edilen, ylhamly işiň netijesidir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy Süleýman Çaryýewiň işleri şeýle täsir galdyrýar... Bar zat adaty fotoapparata höwesden döredi, ol mekdepde okaýan döwri maşgalasynyň we dostlarynyň durmuşynyň şanly wakalaryny surata alyp başlady. Elbetde, oglanjyk fotografyň fotonakgaşdan tapawudy barada pikirem etmeýärdi. Ýöne ol yşygy ýerlikli ulanmagy, üýtgeşik rakursda surat almagy, hakykaty gaýry usulda şekillendirmegi halaýardy, netijede maşgala surat arhiwinde özblouşly mähirli suratlar peýda boldy.

Kadry duýmak we dinamika bermek ukyby Süleýmana milli telewideniýede işlän döwrem kömek etdi. Emma emosional, göze ilýän fotoişleri döretmek, öz döredijilik garaýşyny tomaşaçylara ýetirmek islegi oňa has ýakyndy. Şol sebäplem ol 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy wezipesine çakylygy kabul etdi.

Süleýman fotodokumentalistika hem-de çeper fotografiýa žanrlarynda hem zehinli işler döretdi, onuň işleri döwürleýin neşirlerde yzygiderli çap edilýär, kitap sahypalaryny we žurnal makalalaryny bezeýär. Kreatiw fotohabarçy wakanyň öwüşgünini, žurnalistiň pikirini gysby, ýöne manyly, göwrüm babatda güýçlendirýän kadr almagy başarýar. Indi ol wideosurat düşüriş sungaty bilenem gyzyklanyp ugrady.

Ol 2009 we 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden döredijililik işgärleriniň arasynda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşginiň baýragyna mynasyp boldy. Süleýman žurnalistlik işini Türkmen döwlet medeniýet institutynda okuwy bilen utgaşdyrdy, ol şu ýyl okuwyny üstünlikli tamamlady.

Süleýmanda fotograf üçin pikir duýlup, duýgylar ýaşaýan işleri döretmäge wajyp ukyp bar, onuň suratlarynda zehinli portretçiniň tilsimi duýulýar. Ol fotograflaryň hünär ýokarlandyryş okuwlarynda, Belarusa, Russiýa, Horwatiýa, Ermenistana, Italiýa iş saparlary wagtynda kärdeşleri bilen söhbetdeliklerde peýdaly köp zatlary öwrendi. Süleýman aýratynam TASS-yň guramagynda Moskwada geçirilen bir hepdelik treningi mähir bilen ýatlaýar.

Fotografiýa ussatlarynyň ýaşulylarynyň güýçli wekilleriniň, işleri ýaş fotonakgaşlary ruhlandyrýan, olara ýol görkezýän we kärinde täze sepgitlere ýetmäge isleg döredýänleriň biri-de – Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, gazetimiziň işgäri Wladimir Mihaýlowiç Komarowdyr.

Onuň bu käre gelmegine fotografiýa söýgüsi sebäp boldy. 1970-nji ýylda awiasiýa uçilişşesini tamamlandan soň Wladimir Mihaýlowiçi Aşgabat aeroportuna radiotehnik wezipesine işe aldylar. «Воздушная трасса» pudaklaýyn gazete ilkinji suratlaryny getirende, onuň zehinli fotoişlerine üns berdiler. Şol neşirde hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby döwri habarlary çap edilip ugrady.

Ýaş fotograf-žurnalist «ФЭД» fotoapparaty we eli bloknotly maglumat ýygnap hem wakalary, manzarlary, adamlary surata alyp gezen şäherlerdir alysdaky obalara iş saparlary gyzykly hem ýatda galyjydy... Aşgabada gaýdyp gelenden soň ol ölügsi yşykly fotolaboratoriýada şol döwürde ak-gara reňkli suratlaryny çykaryp, nobatdaky makalasyny taýýarlaýardy. Fotografiýa sungatynyň syrlarynyň ählisini Wladimir Mihaýlowiç özbaşdak özleşdirdi, ýörüte kitaplary okady.

Wladimir Mihaýlowiç ilkinji üstünliklerini buýsanç bilen ýatlaýar. Aşgabatda şol ýyllarda Halk döredijiligi öýi hereket edýärdi. Bir gezek bu ýerde guralan bäsleşikde Komarowyň işleri ýeňiji diýlip yglan edildi. Öňde oňa gyzykly duşuşyklar, kärinde üstünlikler we döredijlik ýeňişleri garaşýardy...

2011-nji ýylda Wladimir Mihaýlowiç Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden döredijililik işgärleriniň arasynda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşginiň baýragyna, şeýle hem ekologiýa fotosuratlar milli bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.

Türkmen tebigaty temasy fotonakgaş we žurnalist Wladimir Komarowyň döredijiliginde aýratyn orun tutýar. Watanymyzda onuň baryp görmedik künjegi ýok bolsa gerek. Ol uç-gyraksyz çöllerde, belent daglarda, syrly gowaklarda, palçyk pürkýän ýanrdaglarda, şaglap inýän şaglawuklarda, hoş owaz dag çeşmejiklerinde we ümsüm köllerde, şahyranda Hazarda bolup gördi... Onuň fotoişlerinde owadan manzarlar aýratyn mähir we söýgi bilen berilýär.

Wladimir Mihaýlowiç täzelenýän tebigatyň gaýtalanmajak ylham berýän her ýylky baharynda täze suratlary almak we täsirlenmek, keýpini çaglamak üçin tebigata çykýar...

26-njy awgustda Wladimir Mihaýlowiç 75 ýaş toýuny toýlar. Biz oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylgyny arzuw edýäris we onuň täsirli täze işlerine garaşýarys!

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14713