TÜRKMENISTAN BMG-NYŇ BIOLOGIK KÖPDÜRLÜLIK BARADA KONWENSIÝASYNYŇ NAGOÝA TESWIRNAMASYNA GOŞULMAGY GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek we bu ugurda halkara-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Hökümetiň 27-nji awgustda bolan maslahatynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow ýurdumyzyň BMG-nyň bioköpdürlülilk barada Konwensiýasynyň Nagoýa teswirnamasyna goşulmak hakda teklibini beýan etdi.

2014-nji ýylda güýjüne giren bu resminama genetiki serişdeleriň elýeterliligni kadalaşdyrmagy we olary adalatly hem-de deň derejeli peýdalanmakdan peýda görmek esasynda bilelikde ulanmagy üpjün etmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi we dünýä ýurtlarynyň Teswirnama 124-si gatnaşyjydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi goldady we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň hem-de daşky gurşawy goramagyň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridigini nygtady. Ol ýurdumyzyň ösüşiniň milli meýilnamalaryny kemala getirmekde we öz daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde gyşarnyksyz eýerýän tutanýerli hem-de jogapkärli garaýşydyr.

Türkmenisitan 1996-njy ýyldan bäri biologik köpdürlülik barada Konwensiýasynyň (BKK) Tarapydyr. Konwensiýa esasy maksatlaryň üçüsini: 1) ähli derejede bioköpdürlüligi saklap galmaga; 2) onuň komponentlerini durnukly ulanmaga; 3) genetiki serişdeleriň elýeterliligni we olary adalatly hem-de deň derejeli peýda görmek esasynda bilelikde ulanmaklygyň elýeterligini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Nagoýa teswirnamasy kabul edilmezden öň nähili çäreler geçirildi?

Biologik köpdürlülik barada Konwensiýasynyň üçünji maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek üçin BKK-nyň taraplarynyň Maslahaty Ýörite iş toparyna genetik serişdeleriň elýeterliligini we peýdalaryny bilelikde ulanmagy kadalaşdyrmagyň halkara düzgünini işläp taýýarlamagy hem-de ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Alty ýyl dowam eden gepleşikler nerijesinde BKK-nyň taraplarynyň onunjy Maslahatynda (2010-njy ýylyň 29-njy oktýabry, Nagoýa, Ýaponiýa) genetiki serişdeleriň elýeterliligni kadalaşdyrmagy we olary adalatly hem-de deň derejeli peýdalanmakdan peýda görmek esasynda bilelikde ulanmaklygyň Nagoýa teswirnamasy kabul edilip, (mundan beýläk Nagoýa teswirnamasy) ol 2014-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda güýjüne girdi.

Häzirki wagtda ýurtlaryň 124-si we Ýewropa Bileleşigi Nagoýa teswirnamasynyň Taraplarydyr, olaryň aglabasy – genetiki serişdeleri beriji (Aziýa, Afrika, Latyn Amerikasy we beýlekiler) ýurtlardyr. Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan bar.

Genetiki serişdeler näme we olar nirede ulanylýar?

Genetiki serişdeler – ol ösümlik, haýwan, mikrob ýa-da beýleki gelip çykyşly hakykatdanam we mümkingadar gymmaty bolan genetiki materialdyr. Ýurduň tebigy biologik köpdürlüligi hem (ösümlikler, haýwanlar), mikroorganizmleriň ştammlary-da, sortlaryň hem-de tohumlaryň, oba hojalyk ekinlerinin we beýlekileriň kolleksiýalary-da genetiki serişdelerdir.

Genetiki serişdelere, şeýle hem ylmyň gazananlaryna esaslanýan azyk, kosmetika, lukmançylyk we biotehnologik önümler barha artýar, olar bilen baglanşykly adaty bilimler ylmy taýdan barlagçylara serişdeleriň aýratyn sypatlary we olaryň peýdasy barada maglumatlaryň hem-de olary, mysal üçin, täze lukmançylyk ýa-da kosmetiki serişdelr öndürmek üçin ulanmak mümkinçiligi babatda gymmatly maglumatlar berýär.

Nagoýa teswirnamasy güýje girmänkä haýwanat we ösümlik dünýäsiniň özboluşly üýtgeşik görnüşleri (olara, mysal üçin, Türkmenistan we Aziýanyň, Afrikanyň we Latyn Amerikasynyň ýurtlary baýdyr), köplenç rugsatsyz we öwezini dolmazdan biotalaňçylyga sezewar bolýardy, eýelenýärdi, patentleşdiriýýärdi we telekeçilik maksatlaryna ulanylýardy.

Ýurtlaryň käbiriniň özbaşdak ylmy barlaglara we olaryň netijlerini işewürleşdirmäge mümkinçiliginiň bolmany sebäpli köplenç genetiki serişdeleriň we adaty bilimleriň esasynda taýýarlanan önümler şu serişdeleri ýa-da bilimleri berýän ýurda däl-de, eýsem beýleki ýurtlaryň köpüsine peýda getirýär.

Nagoýa teswirnamasynyň wajyplygy nämeden ybarat we ony durmuşa geçirmegiň nähili gurallary bar?

Nagoýa teswirnamasy hukuk taýdan has takyk aýdyňlygy üpjün edýär we iberijiler üçinem, genetiki serişdeleri ulanyjylar üçin-de aýanlygy ýokarlandyrýar.

Nagoýa teswirnamasy genetiki serişdeleri adalatly we deň derejeli ulanmakdan peýda görmek esasynda peýdalanmak bilen baglanşykly gurallary göz öňünde tutýar. Munuň üçin genetiki serişdelere eýe bolup, ony berýän ýurda ulanyjy üçin milli genetiki serişdeleriň elýeterligini üpjün etmek gerek. Ulanyjylar bolsa, öz gezeginde, bu ugra degişli iň täze tehnologiýalary we (ýa-da) alynýan girdejini genetiki serişdelere eýe bolup, ony berýän ýurda berýärler. Munuň üçin genetiki serişdelere eýe bolup, ony iberiji ýurtdan deslapdan delillendirilen razylyk (DDR) almaly we özara ylalaşylan şertlerde bellenilen şertnama borçlaryny (BŞB) baglaşmaly.

Nagoýa teswirnamasy genetiki serişdeler ulgamynda ylmy barlaglary ilerletmegi höweslendirýär, bu bolsa hemmeleriň bähbidine täze açyşlara getirip biler. Nagoýa teswirnamasy şeýle hem genetiki serişdeleri durnukly ulanamga itergi berer.

Genetiki serişdeleri ulanyjylar kimler?

Nagoýa teswirnamasyna laýyklykda:

*farmakologiýa we kosmetologiýa ulgamyna, şeýle hem oba hojalygyna degişli kärhanalar we guramalar;

* ylmy-barlag institutlary we ylmy barlaglar alyp barýan guramalar, tohumlar, ösümlikler we haýwanlar banklary, mikroorganizmler kolleksiýalary, botanika baglary;

*gymmatly farmasewtiki sypatlary bolan ýabany ösümlikleri ýygnaýjylary we gymmatly hojalyk sypatlary bolan ýabany haýwanlaryň eýeleri genetiki serişdeleri ulanyjyylardyr.

Ulanyjylara düýpli ylmy barlaglary geçirmekden başlap, täze önümleri döretmäge çenli dürli maksatlar üçin genetiki serişdeleriň elýeterligi zerurdyr. Nagoýa teswirnamasy oňa gatnaşyjy ýurtlara genetiki serişdeleri saklap galmak we durnukly ulanmak boýunça çäreleri amala aşyrmak üçin maliýe çeşmeleriniň we ylmy-tehinki gazananlarynyňň elýetierligini üpjün edýär.

Türkmenistan nähili genetiki serişdelere eýe?

Türkmenistanyň biologik köpdürlüligi azyndan 20 müň görnüşden, şol sanda 7 müňden gowragy ösümlikler bolup, olaryň 3200-si ýokary derejeli; haýwanlaryň 13 müňe golaý görnüşi bolup, olaryň 777-si oňurgaly we 12 müň töweregi görnüşi oňurgasyz jandarlardan ybaratdyr. Türkmenistan däneli, bakja, miweli we beýleki ençeme medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlarynyň watanydyr. Agaç-gyrymsy kowumdaşlardan hozy, pissäni, badamy, armydy, injiri, ýabany tokaý üzümini, alma agajyny we beýlekileri görkezmek bolar. Olar häzirki wagtda ösümçilikde, miweçilikde, lukmançylykda giňden ulanylýar. Ýabany kowumdaşlar häzirkizaman seçgisinde medeni sortlary almak üçin gymmatly çeşmedir we geljegiň ygtybarly genetika bankydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» köpjiltli işinde dermanlyk ösümlikleriň 2 müňden gowrak görnüşi ýazylyp beýan edilýär.

Nagoýa teswirnamasyna goşulmagy Türkmenistan üçin nähili perspektiwa açýar?

Nagoýa teswirnamasyna gol çekilmegi:

*milli genetiki serişdeleriň saklanyp galynmagyna, bu ugurda mümkinçiligi pugtalandyrmaga;

*genetiki serişdeleri ulanmagy elýeterli etmekden peýda görülmegine getirýär. Peýda maddy (meselem, lisenziýa tölegleri) we maddy däl (ylmy barlaglaryň netijelerinden bilelikde peýdalanmak ýa-da tehnologiýalary almak) görnüşde bolup biler;

*biologik köpdürlüligiň saklanyp galmagyna we genetiki serişdeleri ulanmak bilen baglanşykly artykmaçlyklara getirýän hukuk gurallaryny işläp taýýarlamaga, milli bähbitleri üpjün etmäge ýardam eder;

*ösüşiň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlarynyň goşulyşmasy jähtinden DUM durmuşa geçirmäge ýardam eder.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14739