DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

photo

Şu gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulaglar ministrliginiň demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ulag-üstaşyr ulgamda geljekki hyzmatdaşlyk babatynda pikir alyşdylar.

Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýoluň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugur boldy.

Bellenilişi ýaly, strateriki ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamynda iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystanda syýasy durnuklylygy kemala getirmegiň, onuň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmeginiň, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti bolup durýar.

2019-njy ýylyň sentýabrynda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryna barabar bolan şertnama baglaşyldy, oňa laýyklykda, uzynlygy 30 kilometre deň bolan Akina – Andhoý demir ýoly çekiler. Şu güne çenli şertnamanyň çäklerinde “Türkmendemirýoltaslama” instituty tarapyndan zerur işler geçirildi.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Mary şäherindäki ýol maşyn şahamçasynda demir ýoluň ýokarky gurluşy üçin 17 kilometrden gowrak rels-şpal gözenekleri ýygnaldy. Demirbeton şpallary we balkalar “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan getirildi, bu desganyň buýrujysy bolsa şertnamadan daşgary relsleri, geçirijileri we berkidijileri iberdi. Mundan başga-da, ýokarda agzalan AGPJ tarapyndan ýörite tehnikalaryň 11-si berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurda hemmetaraplaýyn dostluk goldawyny bermek meselelerine uly üns berýär. Mysal üçin, demir ýoly gurmak işleri Owganystanyň çäginde türkmen we owgan gurluşykçylarynyň bilelikdäki tagallalary bilen alnyp barylýar.

Hususan-da, “VICC VENCO-IMTIAZ Construction Company” kompaniýasy bilen umumy bahasy 10,5 million amerikan dollaryndan gowrak bolan kömekçi-potratçy şertnamasy baglaşyldy. 16 kilometr aralykda ýer düşegini we çäge-çagyl garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi. Demir ýoluň taýýar edilen ýer düşeginiň üstüne ballast daşyny düşemek we rels-şpal gözeneklerini gurnamak işine girişildi.

1,5 kilometr aralyga rels-şpal gözenekleri gurnaldy. Mundan başga-da, taslamada göz öňünde tutulan suw geçiriji desgalaryň 33-sinden 16-synyň gurluşygy tamamlandy.“VICC VENCO-IMTIAZ Construction Company” kompaniýasy tarapyndan dürli görnüşli tehnikalaryň 72-si ulanylýar.

Geljekde Akina-Andhoý demir ýol şahasyny Täjigistanyň serhedine çenli uzaltmak meýilleşdirilýär. Soňra ol Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykar. Şeýlelikde, “Lapis-Lazuli” (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe) ulag geçelgesine birikdirmegiň hasabyna döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylar.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gözleg işlerini geçirmek, taslamalaşdyrmak, gurmak we tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmak hem-de maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu işler “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda geçen ýylyň iýun aýynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu resminama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hyrat şäherine iş saparynyň barşynda kabul edildi.

Täze polat ýoluň umumy uzynlygy 173 kilometre barabar bolar. Ýoluň ugrunda 4 sany demir ýol menzillerini, aragatnaşyk hem-de habardar ediji ulgamlaryny, beket meýdançasyny we beýleki desgalar gurmak meýilleşdirilýär. Halkara maliýe guramalary, şol sanda Aziýanyň ösüş banky we Yslam Ösüş banky bilen uzakmöhletleýin karz serişdelerini bermek hakynda gepleşikler geçirilýär.

“Türkmendemirýoltaslama” instituty tarapyndan bu ulag ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçýän bölegi bolan Serhetabat bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli bolan 6 kilometrlik böleginiň taslamasy taýýarlanyldy. “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 4,420 kilometr aralykda toprak we çäge-çagyl galyndylaryny düşemek işlerini ýerine ýetirdi. Şeýle hem 11 müňden gowrak demirbeton şpallary taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy tarapyndan inženerçilik taslama-gözleg işleri tamamlandy. Munuň özi Serhetabat bilen Turgundy demir ýolunyň guryýer portunyň arasynda demir ýol köprüsiniň gurluşygy üçin zerur bolup durýar. Umumy uzynlygy 176,8 metre deň bolan bu desganyň gurluşygy “Demirýollary” AGPJ-niň köpri gurluşygy boýunça şahamçasy tarapyndan ýerine ýetiriler. Onuň taslama-nyrh resminamalaryny taýýarlamak işlerine girişildi.

Taraplar Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat polat ýollarynyň ähmiýeti barada aýdyp, olara täze logistiki ugurlaryň goşulmagy bilen Hazardan Hindi ummanyna çenli aralykda halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi hökmündäki ornunyň pugtalanjakdygyna ynam bildirdiler.

Demir ýol geçelgeleriniň ösmegi Owganystanyň sebitleýin ykdysady ulgama goşulyşmagyna ýardam edýär. Ol owgan halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirer. Şol birwagtyň özünde Ýewropanyň, Kawkazyň, Ýakyn Gündogaryň, Merkezi we Günorta Aziýanyň ýurtlary, Türkiýe, Pakistan, Eýran, Hytaý y döwletleri öz harytlaryny Owganystanyň üstünden geçirmek arkaly bähbit gazanar. Munuň özi logistik nukdaýnazardan täze bazarlara çykmak üçin has amatly mümkinçiligi üpjün eder.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tutuş sebitiň halklarynyň we ýurtlarynyň bähbidine laýyk gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen bilelikdäki işleriň möhüm ugurlarynyň ylalaşylmagyna kömek berýän wideomaslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
 

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14863