TÜRKMENISTANYŇ GYRGYZYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN SPORT ÝARYŞY GURALDY

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Bişkekde Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan mini-futbol boýunça sport ýaryşy guraldy.

Ýaryşa bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de diplomatlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçisi sport çäräni açdy hem-de öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we berk bedenli hem-de ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala getirilmegi boýunça gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdi.

Sport ýaryşy tamamlanandan soňra ýeňijilere Ilçihananyň kubogy gowşuryldy.

https://neutrality.gov.tm/news/115/