TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY BILEN RUMYNIÝANYŇ DIPLOMATIK INSTITUTYNYŇ ARASYNDAKY TELEKÖPRI ARKALY “TEGELEK STOL” MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasynda teleköpri arkaly “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Maslahata iňlis, türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew, Rumyn tarapyndan bolsa Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň direktoryň orunbasary Ileana Rakeru alyp bardylar.

Tegelek stola gatnaşyjylar iki ýokary okuw jaýynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, türkmen-rumyn gatnaşyklary barada çykyş etdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk dabarasynyň bellenilmegine-de aýratyn ähmiýet berdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde 2020-nji ýylyň 27-29-njy oktýabrynda BMG-niň sebitara modeliniň ilkinji konferensiýasy barada gürrüň edildi. Bu çäre, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen BMG-niň Aşgabatdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa merkezi bilen bilelikde guraldy.

BMG-niň Modeliniň işine  hususan-da, diplomatiýa we halkara gatnaşyklary hünäri bolan ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň wekilleri hem gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar, işiniň çäginde şuňa meňzeş çäreleri gurnap, BMG-niň bu Modeliniň çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkemegi ugrunda uly tagalalar edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa köp sagbolsun aýtdylar.

https://neutrality.gov.tm/news/117/