BAŞ DRAMA TEATRY: AKTÝOR BÜTIN ÖMRÜNE ÖWRENIP ÝÖRMELI

Aktýorlaryň sahna gelşi her hili bolýar: käbiri çagalykdan ony arzuwlasa, beýlekileri – tarpdan, bir saý-sebäp bilen gelýär. Olaryň ikinjisi seýrek duşýar, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň aktýory Söhbet Serbazow hem şolaryň biri.

Geň ýeri, Söhbediň kakasy – Orazgeldi Serbazow ençeme ýyllap Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatryna, soňra Baş drama teatryna gulluk edipdi... Emma bu hem Söhbetde ata kesbini ýöretmäge höwes döretmedi. Dogry, ol teatry gowy görýärdi, ýöne tomaşaçy hökmünde, aktýor bolmak barada pikirem edenokdy. Harby gullukdan gaýdyp gelen soň ol Baş drama teatryna sahna bezeglerini gurnaýjy bolup işe durdy, yşykladyryjynyň ýeri boşanda, oňa işe geçdi. Şol döwrem hem onuň ykbalyny kesgitlän bir pursat boldy.

–Meniň ýatkeşligim mydama-da gowudy – diýip Söhbet gürrüň berýär, – köplenç repetisiýalara baramda pýesalaryň sözlerini ýat tutardym. Bir gezek arakesme wagty sahna çykyp, göwnüm joşdy-da, «Synmaz erk» spektaklyndan Jelaleddiniň monologyny okadym. Men ony oýun edip okapdym, ýöne zaldan el çarpmalar eşidildi. Aktýorlar: «Derrew resminamalaryňy medeniýet institutyna tabşyr, belki kabul ediş toparyna ýetişersiň»– diýdiler. Resminamalarymy tabşyrmasyn-a tabşyrdym welin, synag ballarym ýetmedi, ýykylamsoň teatra gaýdyp barmaga-da ejap etdim.

Bagtyma, A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň ýanyndaky mekdep-studiýasyna diňleýji alynýardy, ol hem meniň üçin gowy çykalga bolaýdy. Belki, başga çykalgam bolmanlygyndandyr, men kabul ediş toparynyň öňünde Baş drama teatrynyň repertuaryndan monologlary şeýle bir ýürekden okadym elin, meni okuwa kabul etdiler. Mekdep-studiýany tamamlanymdan soň Medeniýet ministrligi meni Çelýabinskiniň döwlet medeniýet we sungat akademiýasyna – ÇDMSA okuwa iberdi. 2013-nji ýylda Baş drama teatryna «Teatrlaşdyrylan sahnalaryň we köpçülikleýin baýramçylyklaryň režisýory, pedagog» diplomy bilen dolandym. Kakajan Aşyrow maňa siňňin seretdi-de: «Aşyklaryň ýa-da durmuş gahrymanlarynyň keşbini döredibilerisiň» diýip, meni işe aldy.

Aşyk ýigidiň keşbi mende spektakllarda baş keşpleri dörederin diýen umyt döredipdi. Şol döwür teatrda «Görogly» spektakly goýulýardy, maňa aşyk ýigidiň däl-de, derwezebanyň keşbini berdiler. Onuň keşbi sözsüzdi, şonda-da Kakajan Aşyrowiç repetisiýalarda derwezebanyň keşbini başdan-aýak meniň bilen bile özleşdirdi. Ol: «Sahnada özüň bol, Şepkiniň we Stanislawskiniň konsepsiýasyny ýada sal» - diýýärdi. Özem ol özüni menden uly tutmany, belki, meniň özüme ynanymy syndyrmajak bolup, keşbi meniň bilen deň döredýän ýaly işleýärdi. Men ÇDMSA-nyň ömrümiň soňky okuwy däldigine düşündim. Indi men Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrowyň mekdebine düşdim.

Men her hili: «Döwlet guşunda» Suhanberdiniň, «Täsin söýgide » ogrynyň, «Bagt kenarynda» Hemranyň, «Perwanada» Balkanyň, «Rowanada» Rowanyň, «Sen söýseň meni» spektaklynda Annagulynyň, «Ependi ýa-da gülkünç goňşyda» Aryk atly goňşylarynyň biriniň keşbini döretdim. Her spektaklam – Baş drama teatrynyň aktýorlygyna mynasyplyga synag. Häzir teatrda goýulýan «Oguz söýgüsinde» maňa baş – Beýregiň keşbi ynanyldy.

Arman aramyzdan ir giden kakama indi gowy düşünip ugradym. Onuň keşpler paýlanylandaky aladasyny, her çykyşyndan öňki tolgunmalaryny, maşgalamyzda onuň käriniň ileri tutulandygyny ýatlaýaryn. Menem Baş drama teatrynyň işgärine öýlendim, ýöne ol artist däl, üç çaganyň – iki gyzyň we bir ogluň atasy boldum, ogluma kakamyň adyny dakdym. Oglumam meniň kärimi saýlasa, özüm-ä begenerdim.

Geçen ýylyň iýun aýynda maňa ýurdumyzdan wekil bolup, Moskwada teatr işgärleri birleşmesiniň ýanyndaky Halkara tomusky teatr mekdebinde okuwa gatnaşmak miýesser etdi. Ol ýurltaryň 30-syndan kärdeşlerimiz bilen tejribe alyşmaga gyzykly we peýdaly boldy. Okuwçylar ýaşlardy, hersi öz teatr mekdebine wekilçilik edýärdiler. Bize «Köne wesýet» temasyndan spektakl üçin pýesa döretmek, onuň lybaslaryny we sahna bezegini taýýarlamak, sazyny saýlamak, başgaça aýdanyňda, spektakly başdan aýak döretmek tabşyryldy. Biz Adam ata bilen How ene döwründen başlanýan «Keramatly kitap» atly spektakl goýup, bu wezipä hötde geldik. Tomusky teatr mekdebindäki okuw meniň aktýor başarnygy baradaky düşünjämi has-da artdyrdy. Şeýle hem men gowy aktýoryň soňky roluna çenli hemişe okamaly-öwremelidignie düşündim.

Geň ýeri, indi men teatra baranymda ýönekeý tomaşaçy bolup bilmeýärin. Men hemişe ýordumyň gidişine syn edip, aktýorlaryň sahnadaky hereketlerine, gürleýşine üns berýändigimi aňýaryn. Biygtyýar özümi ol ýa-da beýleki gahrymanyň ýerine goýup, has erkin we hakykata golaý oýnamaga çalyşýaryn.

Diýmek, teatr meniň zannyma ornan borly...

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15116