DÖRT NAKGAŞYŇ DÖREDIJILIGI: GÖREN ONUŇ HAÝRANY!
Şu ýylyň dekabry ussat nakgaşlar we žiwopis muşdaklary üçin şanly waka beslendi – nakgaşlaryň dördüsiniň işleriniň sergisi paýtagtymyzyň Sergi merkezine gelenleri geň galdyrdy, haýran etdi. Sergä isleg uludy, pandemiýa garamazdan, Çeperçilik akademiýasynyň şu nakgaşlardan sapak alýan talyplary, olaryň kärdeşleri we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri – artistler, ýazyjylar, žurnalistler – bir söz bilen aýdanyňda, žiwopise biparh garamaýanlaryň ählisi bu işleri görmäge geldiler.
Dört nakgaş – Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedow, Türkmenistanyň at gazanan nakgaşy Allamyrat Muhammedow, Azat Myradow we Hojamuhammet Çüriýew . Sergä gelenleriň esasy bölegi, oňa täzeden syn etmäge gaýtadan gelen ýek-tük tomaşaçy ýa-da tanyşlarynyň maslahaty bilen gelenlerden başga adam bolmansoň, biz Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewden sergini teswirlemegi haýyş etdik.
--Bu, dogrudanam, üýtgeşik sergi, -- diýip Azat Hudaýberdiýewiç gürrüňe başlady. – Onda ýaşy, döredijiligi we pikirlenişi boýunça bir-birinden saýry dört kärdeş bir hili ýol bilen öz aralarynda dilleşip, tutuş bir ýylyň dowamynda ajaýyp eserlerini döredipdirler. Özi-de olar sergä gizlinlikde taýýarlanypdyrlar. Menden başga hiç kim, menem ilkibadalar bolaýmasa, olaryň ussahanasyna baryp bilmedi. Bir ýyldan soň olaryň döredijiliginiň netijesi garaşýanymyzdanam has üýtgeşik boldy.
Annadurdy Almämmedowyň daglaryň, onda-da – onuň Gyzylarbatdaky (häzirki Serdar şäheri) öýüniň golaýyndaky aý daglaryň aşygydygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Ol ömrüne daglary şeýle bir köp çekdi welin, nakgaşlaryň arasynda aý dagyny çekjek bolsaň Annadurdy Almämmedowdan ak pata almasaň, işiň başa barmaz diýen degişme-de bar.
Ýöne men ondan «Aýly gije» ýaly triptihe garaşmandym. Bu ak-gara reňkli manzarlaryň awtorynyň ýaşy segsenden aşdy diýseň kim ynanar! Şeýle triptih has ýaş, «üýtgeşik bir zat döredeýin» diýip, aý daglary gije çekmegi niýet edinen gaýduwsyz nakgaşa gelişýär. Suratyň iki reňki, edil gysga, ýöne täsirli söz ýaly, gaty ýerlikli görünýär. Suratda aýyň şekili ýok, ýöne onuň şuglasy welin görnüp dur. Birbada triptihdäki dag şekili gaýtalanýan ýaly, ýöne siňňin syn etseň, olaryň hersi bir manzar.
Çuňňur ýygyrtly aý daglar awtoryň ýüz keşbini ýada salýar. «Aý dagy» triptihine nakgaşyň ömri, ýagny awtoportreti diýip düşünse hem bolar. Almämmdow edil daglar kimin, ýaşyna per bermäni, aýak üstünde berk dur, sungatda onuň öz ýoly bar.
Serginiň guramaçylarynyň pikine görä, suratlar ilkinji gezek görkezilýän iş bolmaly, diňe Annadurdy Almämmedowyň «Nury Halmämmedowa bagyşlanýar» işini täzeden görkezmäge rugsat berildi. Suratda fortepianonyň düwmeleri joşup duran çüwdürimi ýada salýar. Belki, biziň genial kompozitorymyzam ylhamy joşan çagy şeýle hala uçrandyr, nakgaş ony inçelik bilen aňypdyr we awangard žiwopis tilsimleri bilen çeper beýan edipdir.
Annadurdy Almämmedow ilkibada teatrda oýun goýujy-nakgaş bolup işledi, onuň spektakllara eskizleriniň ençemesi Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gorlarynda saklanylýar. Ol çeperçilik uçilişşesinde sapak berdi, häli-näzire çenli çeperçilik akademiýasynda okadýar.
Annadurdy Almämmedow Yzzat Gylyjow, Durdy Baýramow, Gulnazar Bekmyradow, Şajan Akmuhammedow, Stanislaw Babikow, Çary Amangeldiýew ýaly tanymal türkmen nakgaşlarynyň egindeşi. Onuň sergä gatnaşýanlaryň biriniň – Hojamuhammet Çüriýeiň halypasydygynam aýtmak gerek.
***
Hojamuhammet Çüriýewiň owadan pentaptihiniň ikisi sergi zalynyň tutuş bir diwaryny tutup dur. Onda nakgaş türkmen toýy barada gürrüň berýär. Türkmen toýuny nakgaşlaryň hiç biriniň ozal şeýle şekillendirmändigini dessine aýdan ýagşy. «Toý» atly işi aýry-aýry eserleriň bäşisinden ybarat. Onda gudaçylykdan başlap, tä kejebeli gelniň gaýyn öýüne, jarçynyň zowladyp gelnaljy gelendigini buşlaýan, ak öýüň işiginde gaýnynyň türkmen halkyna zoroastriýalylardan geçen ýüzärlik tütedip garşylaşyna çenli pursatlary şekillendirilipdir. Bu surata tükeniksiz syn edip oturmaly – onda awtoryň güýçli fantaziýasy, üýtgeşik tilsimleri görünýär. Mysal üçin, dik suratlarda aýdyň göni ýol geçýär, onda şadyýan adamlar tans edýärler, ondan aňyrrakda ýol bölünýär-de daragta öwrülýär. Birinji suratda adaty öý, dördünjide ak toý keçesi ýapylan ak öýüň işiginde ýaş çatynjalar eline miweli daragt nahalyny alyp otyrlar. Elbetde, ol bagtyýarlygyň we ömür dowamatynyň nyşany.
Bäşinji suratda müdimiligiň nyşany Gün şekillendirilipdir, ol, hamala: «Mydama şeýledi, hemişe-de şeýle bolar!» - diýýän ýaly. Bäşinji suratda bagşy ony wasp etse, onuň gapdalyndaky dördünjide – eýýäm toý palawy taýyn. Pentaptihde päkligiň, şatlygyň we bagtyň reňkleri bolan mawy, gülgüne hem-de sary reňkler agdyklyk edýär.
«Çeper elli türkmen zenanlary» atly beýleki pentaptihi halk senetçiligine, has dogrusy, elde ajap keteni dokaýan, çyrpy gaýaýan, keçe basýan türkmen zenanlaryna bagyşlanýar. Keteni ýaşy durugşan maşgaladan has ýaşyna geçip, halk döredijiliginiň dowamatlygyny nygtaýar. Bu suratlaryň gahrymanlaryny awtor monumental keşpde şekillendiripdir, ol azda-kände freskalary ýada salýar.
Bir gezek keteniden suraty üçin iki metre golaý applikasiýa taýýarlap ýören döwri Hojamuhammediň ussahanasyna bardym. Men geň galypdym, dogrusy, onuň şowly boljagyna şübhelenipdim. Futuristler, Pablo Pikasso dagy çeper suratda applikasiýany ýygy-ýygydan ulanypdyrlar, häzirem türkmen nakgaşlaryndan Işanguly Işangulyýewiň suratlarynda jähek, Wladimir Bagdasarýanyň işlerinde – peşeň görnüşinde ulanylýandygyna duş gelýärsiň. Ýöne welin matanyň şeýle köp ýer tutup, esasy orna çykýan wagty welin – täzelikdi!
Emma Hojamuhammediň suratyny sergide görenimde, onuň fantaziýasyna we öňdengörüjiligine haýran galyp, nakgaşyň elini gysdym. Ol keteniden başga-da, serwi agajyna ýaşyl panbathat «geýdiripdir», hakyky sapaklary, milli nagyşlaryň we toý ýaglygynyň böleklerini ulanypdyr.
Hojamyhammet Çüriýewiň äpet işleri onuň fantaziýasynyň güýçlidigini görkezýär. Ol juda işeňňir nakgaş. Özüne ylham inerine garaşyp durmaýar-da, işleseň ylham joşýar diýlenine eýerýär. Hojamuhammet sungata giç geldi. Ol Guşgyda dogulýar. Okuwa girýänçä çopançylyk edipdir. Özüniň aýtmagyna görä, ol oba kitaphanasyndan alan kitaplaryny mal bakyp ýörkä, taýharyň üstünde otyran ýerinde okaýan ekeni. Ýöne bu oňa ýaňy açylan Döwlet çeperçilik akademiýasyna girip, onuň ilkinji goýberilişiniň talyby bolmagyna päsgel bermändir. Şol topar döredijilik taýdan güýçlidi, olaryň arasynda Baýram Nuryýew, Ahat Nuwwaýew, Muhammet Babaýew we beýlekiler bar, şonuň üçinem 2000-nji ýylyň uçurymlaryna akademiýanyň düýbüni tutan Gulnazar Bekmyradowyň jüýjeleri diýýärler.
***
Hojamuhammet Çüriýewiň ýiti reňkli suratlaryndan soň Azat Myradowyň realistik tilsimde çal-mele reňklerdäki triptihi olara kontrast görünýär. Emma oňa golaý bardygyň saýy suratyň dartgynlylygy özüne maýyl edýär – triptihiň merkezinde Nuhuň gämisi şekillendirilipdir. Injilde aýdylşyna görä, Nuhuň tupany turanda ol Allanyň emri bilen gämi gurupdyr we Ýer ýüzünde durmuş dowam eder ýaly her jandardan jübüt-jübüt alypdyr. Şeýle abyrsyz wezipeden ýaňa onuň her bir muskuly dartylyp dursa-da, ol rahatlygy elden bermeýär. Onuň saýlan janly-jandarlaram parahat. Tomaşaçylar bu psihologik dartgynlylygy gowy duýýarlar.
Nuhuň suratynyň çep tarapynda «Müsürde şa bolandan Kenganda geda bol» atly surat goýlupdyr. Onda beýan edilýän wakalar 13 asyra degişli. Bir wagtlar Bulat Mansurow «Soltan Beýbars» atly film goýupdy. Araplara ýesir düşen ildeşimiz Beýbars gul edilip satylýar. Berdaşly ýigidi mamlýuklaryň hataryna alýarlar – arapça ol esger-gullar diýen many berýär. Müsür begzadalary batyrgaý we gaýduwsyz mamlýuklara daýanypdyrlar. Mundan peýdalanan mamlýuklar döwlet agdarylyşygyny guraýarlar, şeýdibem Besbars tagt başyna geçýär. Ol Müsürde kän wagtlap ýurdy dogumly dolandyrypdyr, ýöne hökümdaryň ýüregi hemişe Watan diýip atygsapdyr.
Bir gezek ol goja halyndaka ýitirim bolýar. Ony öldürenem bolmandyr, özem ölmändir. Onuň nirä gidenini bilýän ýok, ýöne ol köşki terk edip, Watan diýip ýola çykypdyr diýip çak edýärler...
Azat Myradow soltan Beýbarsyň keşbini şol döwürde gülläp ösen Müsür döwletiniň fonunda dogduk iliniň zaryny çekýän edermen, mert şekilde çekipdir.
Azat «Görogly» şadessanynda adamlaryň görden çykyp, geçi emýän oglanjygy tutýan pusdadyny öňküsi ýaly çal-mele reňklerde beripdir.
Azat ähli žanrda surat çekip bilýän nakgaş. Ol liriki portretleriň ussady, nakgaş aýratynam çagalar portretlerini çekmäge ezber. Azat ajaýyp manzarlary-da çekýär. Şonda-da köp adamly söweş sahnalaryny şekillendirmekde saýlandy, onuň her esgeriniň öz häsiýeti duýulýar.
***
Sergi merkeziniň bir diwaryny dördünji nakgaş Allamyrat Muhammedowyň işleri bezeýär. Ol «Nowruz» atly suratyny görkezdi. Sýurrealizm we simwolizm tilsiminde işleýän Allamyrat öz ideýalaryny ussatlarça ýaşyryn äheňde berýär. Ol tomaşaçyny suratyň syryny özi açaryna itekleýär. Onuň «Nowruz» we «Dehistanyň salgymy» suratlarynyň depesinde gadymy serkerdeleriň realistik tilsimde çekilen suratlary ýerleşdirilipdir. Emma ol halk baýramlary ýaly gadymy rowaýatlaryň ýordumlaryny realistik äheňde bermegi ýerlikli hasaplamaýar, şonuň üçinem onuň «Nowruz» atly suratynda bir obraz beýlekiden gelip çykýar. Suratyň sahnalarynyň ählisi bir umumy akymda bolup geçýär. Nakgaşyň pikiriçe, akym – wagt salymy. Awtor asmandaky ýyldyzlary ýalpyldaşýan nokatlar däl-de, hakyky haýwanlar şekilinde berýär, şonuň üçinem asmanda Öküz we Ýolbars gaýmalap ýör. Şonuň bilen birlikde, ol reňk kompozisiýasyna, edil kompozitoryň dürli saz gurallary üçin saz döredip, olary bütewi simfoniýa jemleýşi ýaly çemeleşýär.
«Dehistanyň salgymy» atly işi Balkan welaýatyndaky «Gadymy Dehistan» medeni-taryhy goraghanasyna bagyşlanypdyr. Çingiz hanyň çozuşyndan soň weýran bolan baş metjidiň diwarlary gadymy dürli binalaryň öňki kaşaňlygyndan habar berýär. Belentligi 20 metre ýeten minaralaryň bölekleri saklanyp galypdyr. Olaryň ählisi altyn matadan applikasiýalar ulanylyp, sýurrrealistik äheňde berlipdir. Suratyň merkezi böleginde halk baýlygynyň goragynda duran erkek we zenan şekilleri bar. Awtor ýaşyrynlamak endigine eýerip, ony at şekilinde beýan edipdir, onda erkek, zenan we çaga keşpleri görünýär. Olar küşt mallaryny ýada salýar – bu hem tötänden däl, çünki beýik orta asyr küştçüsi Muhammet As-Sulynyň pederleri şu ýerlerden ekeni. Bagdatda geçirilen küşt bäsleşiginde ildeşimiz Muhammet As-Suly ýeňiş gazanýar. Bu şanly wakanyň hatyrasyna «Ylham» seýilgähinde onuň bürünç heýkeli goýuldy.
Dört nakgaş şu sergi bilen ussat nakgaşlar we žiwopis muşdaklary üçin ýatdan çykmajak döredijilik baýramyny guradylar. Olaryň hersiniň işleriniň öz owazy, öz reňki, gahrymanlarynyň öz häsiýeti bar. Görkezilýän eserler dürli-dürli bolsa-da, olary Watana, onuň tebigatyna we taryhyna, halk ýörelgelerine we türkmen topragynyň genial ogullaryna söýgi birleşdirýär.