Türkmenistanda 27-nji sentýabr Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan 146 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Kabul edilen (2016-njy ýylyň 14-njy sentýabrynda täze redaksiýasy) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlar we beýleki hukuk namalary ýuridiki güýje eýe däldir.
Halk Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň öz ygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar.
Döwlet din we wyždan azatlygyny, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýry bolup, olar döwlet işine goşulyp, döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir.
Türkmenistanyň Prezidenti — Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy bolmak bilen, döwlet we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine – Hökümetine baştutanlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk derejesiniň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýanyň berjaý edilişiniň we halkara borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň kepili hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup durýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, kanun çykaryjy häkimiýetini (Parlamenti) amala aşyrýar. Ol ýerli saýlaw etraplary boýunça 5 (bäş) ýyl möhlet bilen saýlanylan 125 deputatdan ybaratdyr.
Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan ählumumy, deň hem göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly we alternatiw esasda amala aşyrylýar.
Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.
MEÝDANY
Türkmenistan– Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup, onuň meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär, ýagny Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km2 deňdir. Onuň günbatardan gündogara 1100 km. we demirgazykdan günorta 650 km. uzaýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy, demirgazyk–gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan Yslam Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär. Şeýle hem günbatarda Hazar deňzi tebigy serhedi bolmak bilen Azerbaýjan Respublikasy bilen hem serhetleşýär.
ILATY
Türkmenistanyň ilaty 6,2 mln. adamdan gowrakdyr. Türkmenistan — köp milletli döwletdir. Ýurtda 100-den gowrak milletleriň wekilleri ýaşaýar.
DÖWLET DILI
Türkmen dili—döwlet dili bolup durýar. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär. Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini öwrenmeklik üpjün edilen. Bulardan başga-da, ýörite orta mekdeplerinde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde fransuz, hytaý, nemes, ýapon we beýleki daşary ýurt dilleri öwredilýär.
PUL BIRLIGI
Milli pul birligi 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen manat bolup durýar. Häzirki wagtda milli walýutanyň erkin konwertirlenýän walýuta bolan gatnaşygy: 3,50 manat = ABŞ-nyň 1 dollary.
“Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” Kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, maliýe edaralary tarapyndan birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda döwletimiziň ilatyna “Visa”: “Visa Eleсtron”, “Visa Сlassiс” ýaly kart görnüşleriniň hyzmatlary edilýär. Söwda ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmak boýunça halkara töleg ulgamlary, hususan-da, “Master Сard” boýunça töleg geçirmegi ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.
ADMINISTRATIW-TERRITORIAL GURLUŞY
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň düzümine dört etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplary girýär.
Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär. Türkmenistanda 43 etrap, 6 şäherlerdäki etraplar, 51 şäher, olardan 11-si etrap hukukly şäher, 62 şäherçe, 605 geňeşlik (oba ýerli düzümler) we 1719 sany oba ilatly ýerlerdir.
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE MILLI BAÝRAMÇYLYKLARY
Şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:
1) Täze ýyl – 1-nji ýanwar;
2) Halkara zenanlar güni – 8-nji mart;
3) Milli bahar baýramy – 21-22-nji mart;
4) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni – 18-nji maý;
5) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – 27-nji sentýabr;
6) Hatyra güni – 6-njy oktýabr;
7) Halkara Bitaraplyk güni – 12-nji dekabr;
8) Gurban baýramy – Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;
9) Oraza baýramy – Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.
Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýän dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş günlerine gabat gelse) baýramçylyk we hatyra günleri hem bellenilýär:
1). Watan goragçylarynyň güni – 27-nji ýanwar;
2). Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni – 18-nji fewral;
3). Ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni – 7-nji mart;
4). Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni – 31-nji mart;
5). Bütindünýä saglyk güni – 7-nji aprel;
6). Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň güni – 17-nji aprel;
7). Türkmen bedewiniň baýramy – aprel aýynyň soňky ýekşenbesi;
8). 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni – 9-njy maý;
9). Aşgabat şäheriniň güni – 25-nji maý;
10). Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni – 29-njy maý;
11). Türkmen halysynyň baýramy – maý aýynyň soňky ýekşenbesi;
12). Çagalary goramagyň halkara güni – 1-nji iýun;
13). Bütindünýä welosiped güni – 3-nji iýun;
14). Dokma senagatynyň işgärleriniň güni – iýun aýynyň birinji ýekşenbesi;
15). Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni – 5-nji iýun;
16). Ylymlar güni – 12-nji iýun;
17). Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni – 18-nji iýun;
18). Türkmenistanyň Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni– 26-njy iýun;
19). Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni – 27-nji iýun;
20). Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni – 5-nji iýul;
21). Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni – 21-nji iýul;
22). Serhetçiler güni – 11-nji awgust;
23). Bilimler we talyp ýaşlar güni – 1-nji sentýabr;
24). Energetika senagatynyň işgärleriniň güni – sentýabr aýynyň ikinji şenbesi;
25). Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň güni – 30-njy sentýabr;
26). Ýaşulularyň halkara güni – 1-nji oktýabr;
27). Türkmenistanyň Harby-deňiz Güýçleriniň güni – 9-njy oktýabr;
28). Türkmenistanyň Gümrük edaralarynyň işgärleriniň güni – 4-nji noýabr;
29). Hasyl toýy – noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi;
30). Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni – 14-nji dekabr;
31). Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy Ýatlama güni – 21-nji dekabr.