Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda milli ylymda düýpgöter özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy — Ylymlar Akademiýasy hereket edýär, onuň ýolbaşçylygynda döwletiň ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär. Ýokary Geňeşiň ylym we tehnika bölüminiň esasynda ylym we tehnika gaznasynyň düýbi tutuldy. Ýokary komitet ýörite ugurlar boýunça geňeş bilen bilelikde işleri alyp barýar.
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň Geňeşi işjeň hereket edýär. Onuň işine talyplar we olaryň halypalary bolan mugallymlar gatnaşýarlar. Bu ylym-bilim düzümleriniň ulgamy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň höwesini we başlangyçlaryny goldamaga, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, ýaşlaryň halkara maslahatlaryna we duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmagyny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täzelikleriň maglumat binýadyny döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasy, ylmy işleri goramak baradaky döredilen Geňeş, akademiki institutlaryň laboratoriýalarynda ylmy barlaglaryň toplumyny amala aşyrmaga ýardam berýän döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, şol sanda fizika, himiýa, biotehnologiýa, ekologiýa we beýleki pudaklarda alnyp barylýan işleriň hemmesi ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär.
Syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, hünärmenleriň gözýetimini giňeltmegini döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmagyny, ýagny ýokary bilimli we hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär.
Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň, bir tarapdan, düýpli we amaly ylymlar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy, beýleki tarapdan bolsa, barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň depginleriniň güýçlendirilmegi innowasiýalar hem-de ösüş döwrüniň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ylmyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylaryň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, uly durmuş-ykdysady netijä eýe bolýar.
Garaşsyzlyk ýyllary döwründe Türkmenistanda ylmy edaralarynyň sany artdy. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýurdumyzyň hünärmenleri tebigy serişdeleri toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalarynyň üstünde işleýärler, tebigy ylymlaryň mikrobiologiýa, bioekologiýa, himiýa, botanika ýaly ulgamlarynda amaly barlaglary alyp barýarlar.
Alymlar diňe bir barlaghanalarda däl, eýsem, tebigy goraghanalarda, çäkli goraghanalarda zähmet çekip, miweli agaçlaryň, dermanlyk ösümlikleriň we beýleki ekinleriň ýabany görnüşlerini öwrenýärler. Şunda esasy maksat olaryň gymmatly, seýrek duş gelýän we gadymy görnüşlerini, ýurdumyzyň baý “ýaşyl” genofonduny saklamakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda türkmen alymlarynyň ykdysady-guramaçylyk, agrosenagat toplumyny, oba hojalygynda ekin dolanyşygyny we köpugurly oba-hojalyk senagatyny kämilleşdirmegi, ylmy seleksiýa taýdan, gowaça sortlarynyň, bugdaý we beýleki ekinleriň köp hasylly bolmagy esasy maksady bolup durýar. Garagum çölünde gurlan “Altyn Asyr” türkmen kölüniň ekologiýa taýdan işläp taýýarlanylan kartasyndaky miweli baglaryň we genetiki gaznasynyň baýlaşmagyna uly üns berilýär.
Häzirki döwürde ylmy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler has-da giňeldi. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, simpoziumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär. Olara daşary ýurt döwletlerinden köp sanly myhmanlar gatnaşýar.
Ylymlar güni ägirt uly özgertmeler eýýamynyň peýda bolmagy bilen döredildi. Şol özgertmeleriň esasyny bolsa oýlanyşykly ylmy çemeleşmeler hem-de ylmyň öňdebaryjy gazananlary düzýär. Hormatly Prezidentimiz bu uly işe 2007-nji ýylda badalga berdi. Şonda milli Liderimiz, ilkinji nobatda, bu ulgamy düýpli täzelemek boýunça çärelere ünsi çekdi.
Şol geçen on bir ýylyň dowamynda giň möçberli işler geçirildi — ýurdumyzyň ylmynyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, esasy maksatlar hem-de wezipeler, ylmy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, degişli iri halkara guramalary we merkezleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň başy başlandy.
Alymlar we hünärmenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ylmy-tehniki ösüşiniň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, akademiki institutlarda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli ylymlara aýratyn üns berýärler, bäsdeşlige ukyply, ykdysady taýdan netijeli barlaglary alyp barýarlar, önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Älem giňişligine “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemrasynyň çykarylmagy bilen, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýokary hünärli hünärmenleri we alymlary taýýarlamak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Olar kommunikasiýalar, kosmos, robot tehnikasy, mikroelektronika ýaly ugurlar boýunça usulyýet we amaly işleri geçirerler.
Alymlar taryhy hem-de arheologik barlaglary geçirýärler. Dünýä ylmynyň wajyp meselelerine bagyşlanan maslahatlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý tebigatyny, taryhyny we medeniýetini öwrenmäge ýardam edýän ekspedisiýalary guraýarlar.
Ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri öwrenmek boýunça işler dowam etdirilýär. Olaryň jemi 70-si (Ahal welaýatynda — 9-sy, Balkan welaýatynda — 17-si, Mary welaýatynda — 8-si, Daşoguz welaýatynda — 11-si we Lebap welaýatynda — 25-si) hasaba alyndy. Umuman, Türkmenistanda halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmek we giňden wagyz etmek ulgamynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýöne, entek edilmeli işler, şol sanda milli maddy däl medeni mirasy ýygnamak, öwrenmek we aýawly saklamak boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilmeli işler köp.
Uzak Gündogar, Aziýa-Ýuwaş umman sebitleri, Orta hem-de Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlarynyň iri merkezleri bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar. Türkmenistanyň 2017-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ylym we tehnika baradaky komissiýasyna saýlanylmagy döwletimiziň halkara ylym-bilim giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly I türkmen-hytaý forumy geçirildi. Ol Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnika ministrligi tarapyndan gurnaldy. Bu forum Türkmenistanyň hem-de HHR-iň ylmy edaralarynyň, alymlarynyň we hünärmenleriniň arasynda energiýanyň alternatiw çeşmeleri, energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalar, oba hojalygyndaky, himiýadaky, seýsmologiýadaky, lukmançylykdaky, derman senagatyndaky, biologiýadaky innowasiýalar ulgamlarynda tejribe alyşmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini gözlemäge gönükdirildi.
Milli Liderimiziň gol çeken “Erkin ykdysady zolaklar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny sebitleýin çemeleşmelere hem-de tehnologik gazanylanlara esaslanýan ykdysadyýeti döretmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Onda ýörite tehniki zolaklar, şol sanda tehnoparklar we tehnopolisler hem göz öňünde tutulandyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ylmy we işewürligi önümçilik bilen birleşdirmek, innowasion kärhanalary döretmek üçin amatly şertler döredilýär.
Görnüşi ýaly, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini dowam etdirmek üçin ýurdumyzda zerur binýat işjeň ösdürilýär. Elbetde, munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlarynyň arasynda ylma bolan höwesiň hem-de ylmy barlaglar bilen meşgullanmak isleýänleriň sanynyň artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Diýmek, eýýäm ýakyn ýyllarda türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň ýaş nesliniň kemala gelmegi üçin ähli şertler bar. Olar ýurdumyzyň ylmyny täze hil derejesinde ösdürip, ýokary sepgitlere çykarar.