Türkmenistan we IRENA gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary Nurmämmet Nurmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen Bütindünýä Kommunal Kongresiniň çäklerinde Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça Halkara Agentliginiň (IRENA) Baş Direktory Fransesko La Kamera bilen duşuşdy. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we türkmen tarapy 2025-2030-njy ýyllar aralygyndaky ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça maksatlaryny kesgitlemek bilen, IRENA bilen hyzmatdaşlyga hem-de dünýäniň gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça alypň barýan syýasatyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda bilelikdäki gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary, tehniki kömek we Türkmenistanyň 2025-2030-njy ýyllar aralygyndaky gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça halkara hyzmatdaşlyk meýilnamasy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. IRENA-nyň Baş Direktory Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça Milli Derejede Bellenen Goşantlar (NDC 3.0) boýunça alyp barýan işlerini goldamaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem, La Kamera 2024-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriljek COP-29-nyň çäklerinde IRENA tarapyndan guraljak gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça işleri kämilleşdirmeklige bagyşlanan maýa goýum forumy barada maglumat berdi we Türkmenistany oňa gatnaşmaga çagyrdy, şeýle-de resmi çakylyk hatynyň ugradyljakdygyny belledi.

Mundan başga-da, duşuşykda IRENA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösmegine bagyşlanan çäräni geljekde gurnamaklygyň meýilleşdirilýändigi bellenilip geçildi we Türkmenistanyň bu çärede işjeň gatnaşmagy baradaky haýyş edildi. Şeýle hem, IRENA-nyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa mümkinçiliklerine baha bermek hem-de milli häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen ýokary derejeli saparynyň mümkinçiligi barada pikir alşyldy. Bu hyzmatdaşlygyň maksady IRENA-nyň tejribesinden peýdalanmak, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak we geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşmak bilen, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy üpjün etmek we Türkmenistanyň sebitdäki gaýtadan dikeldilýän energiýa başlangyçlaryndaky ornuny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Jenap La Kamera 2025-nji ýylyň başynda Türkmenistana sapar etmek mümkinçiligini hem-de ýurduň gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary üçin maliýe mehanizmlerini kämilleşdirmek baradaky goldawyny bildirdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň delegasiýasy gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösmegi üçin hünärmenleri taýýarlamakda IRENA-nyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdi.