SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasynaBirleşen Arap Emirliklerinden,Şweýsariýadan, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Panamadan we Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. Türkiýe Respublikasyndan gelen täjirler bolsa“Türkm...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Soňky ýyllaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ýapon gatna...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Sapardurdyýewiç Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda çykaran 1-nji Karary tassyklanyldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14994
RESMI HABAR
Garaşsyz ýurdumyzda himiýa ylmy we tehnologiýalary boýunça ylmy barlaglary ýerine ýetirmek, şol esasda täze önümçilikleri döretmek, bu ugurda döwletimiziň innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, bäsleşige ukyply maddy we energiýa serişdelerini tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary işläp taýýarlamak, ýaşlary ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işlerine giňden çekmek, ylmy barlaglaryň hem tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistany...
RESMI HABAR
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14994
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw be...
DIM-DE HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ HEM-DE HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ALYP BARÝAN IŞLERINE BAGYŞLANAN HALKARA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýä...