SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ilçisiniň IRENA-nyň Baş direktory bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça Halkara Agentliginiň (IRENA) merkezi binasynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Serdarmämmet Garajaýewiň IRENA-nyň Baş direktory jenap Françesko La Kamera bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk Ilçiniň diplomatik BAE-de işiniň tamamlanmagy mynasybetli geçirildi. Söhbetdeşlikde Ilçi Garajaýew IRENA bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk, goldaw we gatnaşyklaryň pugtalan...
Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherinde Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky II işewürlik forumy geçirildi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky II işewürlik forumyna gatnaşdy. Çäre 2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda BAE-niň Şarja şäherindäki Şarja Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Şarja Söwda-senagat edarasy tarapyndan, BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň goldaw bermegi bilen gurnaldy. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky özar...
LLDC-iň üçünji maslahatynyň tamamlanmagynyň çäklerinde baýdak düşürmek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar. Baýdaklaryň dabaraly ýagdaýda düşürilmegi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen möhüm çäreleriň resmi taýdan tamamlanandygyny we onuň ählumumy ähmiýetliligini alamatla...
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi
Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan ýörite brifing geçirildi Ozal habar berlişi ýaly, 5-8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyn...
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Ja...
Awazada DÖM-na ýetmek üçin parahatçylyk, ynanyşmak we inklýuziw dolandyryş meseleleri boýunça ugurdaş çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam edýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge itergi bermek” atly ýokary derejeli ugurdaş çäre geçirildi. Çäräni, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi bilen...
BMG-niň üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň forumy
2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşuşygy geçirildi. Oňa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, a...