img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Okt

ŽURNALIST WE FOTOSURATÇY-NAKGAŞ: ÝAŞA PER BERMEÝÄN ZEHIN

Şu gün dünýä jemgyýetçiligi uly nesliň baýramyny – Ýaşuly adamlaryň halkara gününi belleýär. Bu sene – biz bilen bilimini, tejribesini we danalygyny gysganman paýlaşýan ýaşuly adamlara öz söýgümizi we hormat-sarpamyzy, olaryň maslahatynyň biz üçin gymmatlydygyny aýtmaga ýene bir delildir, olaryň durmuş ýoly, şahsy sypatlary we hünär ussatlygy ýurduň depginli ösüşine goldaw berýär we halypalyk däplerini dowam edýär. Şol nesliň wekilleriniň biri-de -- golaýda 75 ýaş ýubileýini bellän kärdeşimiz...

DOWAMY
pic
1 Okt

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULY NESILLERINE HEM-DE HALKYNA

Hormatly ýaşulular! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanan dabaralaryň pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşulularymyzyň hem-de tutu...

DOWAMY
pic
1 Okt

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ SOŇKY SYÝASY WAKALARYNA BAGYŞLANAN METBUGAT KONFERENSIÝASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda bolup geçen möhüm syýasy wakalara, hususan-da Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde kabul edilen taryhy kararlara, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan metbugat konferensiýasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mek...

DOWAMY
pic
30 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli we ählumumy gymmatlyklaryň goralyp saklanmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ö...

DOWAMY
pic
30 Sen

KABULDA TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA BIRNÄÇE MÖHÜM RESMINAMALARA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Kabul şäherinde «Salam han» prezident köşgünde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabara...

DOWAMY
pic
29 Sen

«ALTYN ASYR» TOPARY — FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ NAÝBAŞY KUBOGYNYŇ ALTY GEZEK EÝESI

Şu gün paýtagtymyzyň köpugurly «Aşgabat» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň 2020-nji ýylda Naýbaşy kubogyny almak ugrunda Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň we “Ahal” toparynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Duşuşygyň 68-nji minudynda «Ahalyň» ýarym goragçysy Gurban Annaýew hasaby açdy. Emma, birnäçe minutdan soňra, «Altyn asyryň» futbolçylary hasaby deňlediler, bu hasap oýun tamamlanýança üýtgemedi. Goşmaça wagtda hem hasap üýtgemedi we eminler topary 1:1 deňme-deň hasapdan soň, 11 metrli...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN DURNUKLY ULAG MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SEBITLEÝIN DIALOG GEÇIRILDI

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly Sebitleýin dialog geçirildi. Dialog Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamana, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Alga...

DOWAMY