SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OWGANYSTANYŇ MB-NYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenista...
TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Kabul şäherinde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Karzaý, türkmen tarapyndan «TAPI Pipeline Company Ltd.» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwl...
AŞGABATDA HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ESASLANDYRYJY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi, oňa onlaýn görnüşinde dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenler we itşynaslar gatnaşdylar. Mejlise jemi 200 golaý wekil gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň başynda oňa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HÖWESJEŇ AÝDYMÇY ÝAŞLARYŇ TELEBÄSLEŞIGINE GATNAŞYJYLARA GUTLAG HATYNY IBERDI
Berkarar döwletimiziň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary! Mähriban ýaşlar! Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine göterilen aýdym-saz sungatymyzda size döredijilik üstünliklerini, kalbyňyzdan joşup çykýan ylhamyňyzyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda şanly wakalara beslenip, barha...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Netijeli gepleşikleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň ýolbaşçylygyna türkmen-koreý gatnaşykl...
ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINI WE OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetinde iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sebitlerine, obasenagat, maliýe-ykdysady, nebitgaz, ulag, söwda we dokma toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerler hem-de welaýatlaryň häkimleri, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda sebitlerde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda dur...
TÜRKMENISTAN BMG-NYŇ BIOLOGIK KÖPDÜRLÜLIK BARADA KONWENSIÝASYNYŇ NAGOÝA TESWIRNAMASYNA GOŞULMAGY GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek we bu ugurda halkara-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Hökümetiň 27-nji awgustda bolan maslahatynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow ýurdumyzyň BMG-nyň bioköpdürlülilk barada Konwensiýasynyň Nagoýa teswirnamasyna goşulmak hakda teklibini beýan etdi. 2014-nji ýylda güýjüne giren bu resminama genetiki serişdeleriň elýeterliligni kadalaşdyrmagy we olary adalatl...