SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI HYZMATDAŞLYGYŇ OŇYN GELJEGINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de bu nurana baýramyň bütin dünýäde ösüşi, parahatçylygy dabaralandyrjakdygyna, raýdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýo...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDATELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Birek-biregi Gurban baýramy bilen gutlap, iki dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary bilen dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gat...
MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy. ...Milli Liderimiz welosipedde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Şöhratly pederlerimiziň asylly däpleriniň döwrebap ösdürilmegi ugrunda alada edýän döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar hem-de olar bilen didarlaşmaga hemişe wagt tapý...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WELOSIPEDLI GEZELENÇ ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi. Halkyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyza, aýratyn hem ýaşlara sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesine eýermekde şahsy görelde görkezýär. Ine, şu gün hem milli Liderimiz sport bilen meşgullanmaga wagt tapyp, ýene bir gezek ajaýyp beden taýýarlygyny görkezdi. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Köpetdagy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY GURBAN BAÝRAMYNY BELLEMEK HAKYNDA
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenlstanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Türkmen halkynyň M...
AWSTRIÝANYŇ IMC KREMS AMALY YLYMLAR UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. IMC Krems amaly ylyml...
AŞGABATDA BSG WE ÝUNISEF- IŇ KHBS-RI ÜÇIN PANDEMIÝANYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI BOÝUNÇA NETIJELI MAGLUMAT ALYŞ-ÇALŞYGYNY ÜPJÜN ETMEK BARADA BILELIKDÄKI BRIFINGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Aşgabatda BSG we ÝUNISEF-iň KHBS-ri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygny üpjün etmek barada wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSG-niň ýurt...