SOŇKY HABARLAR
TÄZE ŞÄHERLERIŇ WE OBALARYŇ GURLUŞYGY WATANYMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ NYŞANYDYR
Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine seredildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýändiginiň hem-de ähli esasy pudaklarynyň durnukly ösüş derejesini saklaýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ugurlaryň birini eýeleýän gurluşyk ulga...
TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Şu aýyň başynda Türkmenistanyň, Az...
GADYMY ÝÖRELGELERIŇ DÖWRAP KEŞBI
Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanansynyň täze binasy ulanmaga berilmäge taýýarlanylýar, bu ýerde ýylda 1650 inedördül metr haly we haly önümlerini çykarmak göz öňünde tutulýar, önümiň belli bir bölegi eksporta niýetlener. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda gurlan, 1948-nji ýylyň weýrançylykly ýer titremesinden soň dikeldilen ilkinji desgalaryň biriniň ýerindäki döredijilik-önümçilik meýdançasyny paýtagtymyzyň gurluşykçylary bina etdiler. Paýtagtymyzyň halyçylyk kärhanasynyň taryhy geçen asyryň...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Russiýadan we beýlekilerden gelen täjirler ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldyla...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILKINJI PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nursultan Nazarbaýewi 80 ýaş toýy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, egsilmez güýç-gaýrat we Gazagystanyň halkynyň abadançylygyna gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşler Türkme...
EKIN DOLANŞYGYNDA ARALYK EKINLER: ÝERDEN WE SUWDAN REJELI PEÝDALANYLMAGY
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda mäş öndürilişi ep-esli artar. Azyk önümlerini öndürmegi artdyrmak boýunça wezipäniň jähtinden, şeýle hem suwarylýan ýerleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda munuň möhüm ähmiýeti bar, çünki güýzlik galladan soň ekin dolanşygynda ulanylýan bu ekin topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Ýurduň şu sebitinde iri galla öndüriji S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda mäş ekmäge 700 gektar ýer bölünip berildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrapda bolsa ol 350 gektar meýdana ekiler....
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglumatlar tehnologiýalary boýunça institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu çäre Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy. Bilim, ylym, innowasion tehnologiýalar, taryhy we binagärlik ýadygärliklerini goramak hem-de dikeltmek ugurlary we beýleki meseleler boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutu...