SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ONLAÝN GÖRNÜŞINDE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu duşuşukda Türkmenistana birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler. ÝB-niň tarapyndan, mejlise Ýewropa w...
MEDENIÝET HEPDELIGI — 2020: ÜÇÜNJI GÜN
Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy. Welaýat kitaphanasynyň binasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...
ÝEŇŞIŇ ESGERLERINE BAGYŞLANÝAR...
Şu gün — 24-nji iýunda, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda, dabaralaryň geçirilýän pursadynda biz ýene-de parahatçylygy hem-de azatlygy goran ata-babalarymyzyň edermenligini ýatlaýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol dabaralara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu edermenligi näme bilen ölçäp bolar? Şu pursatlarda aldym-berdimli we gandöküşikli söweşlerde şirin janyny gurba...
SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar. Sö...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslaha...
TÜRKMENISTANYŇ WE RF-IŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ UGURDAŞ HÜNÄRMENLERI BILIM ULGAMYNDAKY GATNAŞYKLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri onlaýn görnüşde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem oňyn Bitaraplyk we «açyk gapylar» syýasatynyň köpugurly hyzmatdaşlyk hem-de durnukly ösüş üçin meýdança hökmünde ähmiýetini beýan etdiler. Duşuşyga ýokary okuw mekdepleriniň 4-siniň: Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň (Türkmenist...
MEDENIÝET HEPDELIGI — 2020: IKINJI GÜN
Şu gün Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň täsin binagärlik we arheologik ýadygärliklere baryp görmegi göz öňünde tutuldy. Şolaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça olary goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça geçirilýän çäreleriň...