img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Apr

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINIŇ SERGISINDE AHAL-TEKE BEDEWLERINIŇ WASPY

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Olaryň awtorlary atyň türkmeniň durmuşyndaky ähmiýeti barada şahyrana pikir ýöredýärler. Ahal-teke bedewleri milli sungatda erkinligiň, hyjuwyň, gaýratyň we gözelligiň metaforasy bolup çykyş edýär. «Asman» atlarynyň asylly ädim urşuna we nepis hereketlerine söýünçli bakman durup bolmaýar. Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýarly Baýramowyň «Köpetdagyň eteginde» atly suratyn...

DOWAMY
pic
24 Apr

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir okyjylara döwlet durmuşynyň hem-de ählumumy gün tertibi boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýän makalalary hödürleýär. «Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň hukuk üpjünçiligi» diýen makalanyň awtory amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň we hormatly Prezidentimiz Gurbangu...

DOWAMY
pic
24 Apr

HORMATLY PREZIDENTIMIZ PAÝTAGTYMYZYŇ METJIDINDE AGZAÇAR SADAKASYNY BERDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän metjidinde mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde geçirilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Mälim bolşy ýaly, şol günde Gudraty Güýçli Allatagala keramatly Gurhanyň ilkinji sürelerini gönderipdir. Şu mukaddes aýda ynsan diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ahlak, ruhy taýdan päklenýär, onuň sogap işlere bolan ynamy artýa...

DOWAMY
pic
24 Apr

MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI WE HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ X MEJLISI

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Halkara...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZYŇ MERKEZINDÄKI SEÝILGÄH ZOLAGYNYŇ ABADANLAŞDYRYLYŞY BILEN TANYŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap barýarka, ýolugra wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we ahalteke atl...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu nurana aýda Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna abadançylyk hem-de rysgal-döwlet dileg edýärin. Hamad bin Isa Al Halifa, Bahreýniň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedo...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...

DOWAMY