img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk...

DOWAMY
pic
18 Dek

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Jenap Stýuart duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly...

DOWAMY
pic
17 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşa...

DOWAMY
pic
17 Dek

Aşgabat şäherinde Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Forumda türkmen tarapyna Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi. ABŞ-niň wekiliýetine «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart ýolbaşçylyk etdi. Foruma wekilçilik eden ABŞ-niň kompaniýalarynyň arasynda «Case New Holland», «Climate Compass», «Boeing», «John Deere», «N...

DOWAMY
pic
16 Dek

Eýranyň Energetika ministri bilen hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň Energetika ministri Abbas Aliabadiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da, energetika we gaz pudaklaryndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 60-dan gowrak eýran kompaniýasynyň önümleriniň hödürlenýän 16-njy ýöriteleşdirilen «Iran Agrofood» sergisiniň...

DOWAMY
pic
16 Dek

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär

2024-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň wekilleri Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýany bilen gitdiler. Saparyň maksady Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş...

DOWAMY
pic
14 Dek

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň deslapky jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar şu ýylyň 9-13-nji dekabry aralygynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran baha beriş saparynyň deslap...

DOWAMY