SOŇKY HABARLAR
AHALDA GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA BAGYŞLANYLAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Ahalda gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna bagyşlanylan brifing geçirildi. Çärä ýokarda agzalan zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen ýokary derejeli myhmanlar, ýurdumyzyň nebit-gaz ulgamyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalaryň, şeýle hem halkara we milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňe...
AHALDAKY GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2019-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Dabara daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik korpusyň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, syýahatçylar, halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Täze senagat toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi mynasybet...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝUNESKO-NYŇ HÖKÜMETARA OKEANOGRAFIKI KOMISSIÝASYNYŇ 30-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň (HOK) 30-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. 4-nji iýula çenli dowam etjek ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň ýubileý assambleýasynda Komissiýanyň işi bilen baglylykdaky döwrebap meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem umman ylmy boýunça BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilişi, BMG we Bütindünýä meteorologiki gurama bilen hyzmatdaşlygy...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RAÝAT AWIASIÝASY HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň ABŞ-daky, şol bir wagtda Kanadadaky Ilçisi M.Orazow Kanadanyň Monreal şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Ilçi Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň Baş sekretary hanym Fan Lýu bilen bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň wajyp halkara protokollaryna goşulýandygyny tassyklaýan iki resminamanyň asyl nusgasyny gowşurdy. Şeýle-de taraplar bu Guramanyň Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 24-nji...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ TÄZE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz missiýasyna başlaýan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky täze bellenilen wekili hanym Kristina Weýgand bilen duşuşyk geçirildi. Hanym Kristina Weýgandy jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy çagalaryň hukuklary bilen bagly ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, Kristina Weýgand, mähirli arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TATARYSTAN RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Kazan şäherinde, Russiýa Fedrasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ondan soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda giňeldilen düzümdäki duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynyň meselelerine garaldy hem-de hyzm...
OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BOLDY
2019-njy ýylyň 22-nji iýunynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohibiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Owgan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň hormatly Pr...