SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň BAE-däki diplomatik missiýalarynda ýerleşýän saýlaw uçastoklary öz işini üstünlikli tamamlady
Ýerli wagt bilen sagat 18:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu Dabi ş.) Ilçihanasynda ýerleşýän 1-nji saýlaw uçastogy we Türkmenistanyň Dubaýdaky Baş konsullygynda ýerleşýän 2-nji saýlaw uçastogy ýapyldy. Saýlawlar üstünlikli geçdi.
DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi
2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan resmi çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda gibrid görnüşde geçirildi. Maslahata BMG-niň esasy edaralarynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, BMG agza ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň wekilleri, şeýle he...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar. Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar. Türkmenistanyň Daşar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda, günüň ikinji ýarymynda Astana şäherinde “Merkezi Aziýa – Russiýa” Sammiti geçirildi, onuň gün tertibine altytaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga...
KHBS ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berýär. Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar. Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly häsiýetleri ýüze çykýan ä...
Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ýollady
Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük şu gün Kabula geldi. Bu çäre, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap beren Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda geçirildi. Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24,700 tonna ýük iberdi. Owgan halkyna ynsa...
PRESS-RELIZ: OWGANYSTANDA AKINA-ANDHOÝ DEMIRÝOLUNYŇ GURLUŞYGYNYŇ GALAN IŞLERI BAŞLANDY
“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler. Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganystanyň Balh welaýatynyň Demirýollar guramasynyň we beýleki pudak ed...