img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Ýan

ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARY MEDENIÝET WE BILIM ULGAMLARY BOÝUNÇA IŞLERI KÄMILLEŞDIMERK MESELELERINE SERETDI

Şu gün, 2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
30 Ýan

TÜRKMENISTANDA ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖNÜNI ALMAK ÜÇIN SANJYMLARY HASABA ALMAK IŞI DOWAM ETDIRILÝÄR

Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek işi işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ilatyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler pugtalandyrylýar.    Ylmyň gazananlarynyň esasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamynyň netijeliligi yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak işi dowam e...

DOWAMY
pic
29 Ýan

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, geljekde bu ugurda amala aşyryljak işler babatynda Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara topary döredildi....

DOWAMY
pic
29 Ýan

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlar boý...

DOWAMY
pic
29 Ýan

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň dolanyşygy bilen baglanyşykly işleriň guralyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň ady üýtgedilip, ol Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýlip atlandyryldy hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Resminama bilen T...

DOWAMY
pic
29 Ýan

SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞDY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar mähirli salamlaşdylar we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasy tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ähmiýeti barada bellediler. Taryhy we medeni...

DOWAMY
pic
29 Ýan

AŞGABATDA HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň w...

DOWAMY