SOŇKY HABARLAR
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ DAÝHANLARYŇ ZÄHMET ÝEŇŞI HAKYNDA HASABATY KABUL ETDI
Şu gün — ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi. Dabaraly çärä ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi bar...
ÝYLLYK TABŞYRYK AMAL EDILDI!
Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly taýýarlamak tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Olar 8100 gektar meýdandan 35 müň tonnadan«merjen däne» gowrak ýygnadylar. Sebitde esasy şaly ýetişdirýän we ony gaýtadan işleýän S. Türkmenbaşy etrabynyň ýörüteleşdilen «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň şalyçylary ilkinjiler bolup üstünlik gazandylar, bu ekin hojalykda 3350 gektar meýdana ekildi. Entek atyzlarda şaly ýetik, sebitiň ýörüteleşdirilen hojalyklarynda ýygymyň depgini peselmeýär. Ozalkylary ýaly...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen R...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞYPAHANANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepg...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap şypahana kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan 200 orunlyk şypahanany netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY HASYL TOÝY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ «WATANA BOLAN SÖÝGÜSI ÜÇIN» MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýä...
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE MEDENI-YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
6-njy noýabrda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Wise-premýer öz çykyşynda «Medeni-ynsanperwerlik ulgamy GDA döwletleriniň we halklarynyň berk we ygtybarly binýady bolmagynda galýar», - diýip belläp geçdi. Bu ugurda türkmen tarapynyň ylym, medeniýet we sport ugry boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam et...