RSS

SOŇKY HABARLAR

12 Dek

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ HALKARA MASLAHATDA EDEN ÇYKYŞY

Hormatly Halkara maslahatyna gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Öňi bilen, sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Halkara maslahatynyň dabaraly mejlisinde mübäreklemäge rugsat ediň. Size bu foruma gatnaşýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de onuň köpugurly gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça öz çemeleşmeleri...

DOWAMY
11 Dek

WATANYMYZYŇ ŞANLY BITARAPLYGYNYŇ HORMATYNA BAÝRAMÇYLYK DABARALARY

Şu gün, Halkara Bitaraplyk gününiň öňýanynda paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyz boýunça ajaýyp senä – Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan birnäçe dabaraly çäreler geçirildi. Günüň birinji ýarymynda Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylar buýsanç we aýdyň tolg...

DOWAMY
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝURDUŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 –ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MEDAL GOWŞURYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly medal bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek barada Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýokary derejeli sylaglara diňe bir Türkmenistanyň raýatlary mynasyp bolman, eýsem, köpýyllyk päk...

DOWAMY
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ HALKARA DEREJESINE – 25 ÝYL!

Suratkeşleriň Türkmenistanyň häzirki gününe we geçmişi, adamlaryň we tebigatyň gözelligi baradaky eserleri bilen ýurduň Bitaraplygyna bagyşlanan sergi bu ýere gelýänleriň kalbynda baýramçylygyň öňýanyndaky ruhuny galdyrdy. Paýtagtymyzyň sergi merkezinde türkmen halky tarapyndan Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli surat we keramika eserleriniň sergisi açyldy. Ýörite bu şöhratly senä gabatlap, ýurduň suratkeşleri türkmen halkynyň döredijilik we bagtly durmuşy barada täze eserler...

DOWAMY
10 Dek

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANÝAR

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergiler Daşoguz şäherinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Sergiler welaýat kitaphanasynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň binalarynda görkezilýär. Sergileri guramaga dürli pudaklardan sebitdäki guramalar we edaralar işjeň gatnaşdylar. Oba hojalygynyň, ýerli senagat kärhanalarynyň we hususy pudagyň önümleriniň nusgalary, kitap önümleri, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, düýpli maketler, olar...

DOWAMY
10 Dek

ASTRAHANDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY KONSERT BILEN GARŞYLANÝAR

2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň mejlisler zalynda türkmen talyplary, dürli ýurtlaryň talyplary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan "Kalbyň sazy" atly onlaýn konsert geçirdiler. Onlaýn tomaşaçylar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, türkmen we daşary ýurt dillerindäki estrada we milli aýdymlary diňlediler. Türkmenistanyň dürli ugurlard...

DOWAMY