RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Dek

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady.  12-nji dekabra – Halkara bitaraplyk gününe çenli dowam etjek sergi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanar. Serginiň işiniň birinji güni söwda ulgamynyň we daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, deputa...

DOWAMY
7 Noý

2020-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI 25 MILLION AGAÇ NAHALLARY EKILER

2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Bu san ýurduň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhlelendirýändir. Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi. Oňa şeýle-de ýurduň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de köp...

DOWAMY
5 Noý

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan wideokonferensiýa görnüşinde guralan maslahat Türkmenistandan hem-de Russiýa Federasiýasyndan bolan alym-syýasatşynaslary, degişli ugurdaky ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny we mugallymlaryny, şeýle hem diplomatlary bir ýere jemledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly...

DOWAMY
23 Okt

AŞGABATDA BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 75 ÝYLLYGYNA HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan  «Birleşen Milletler Guramasy: Halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahat geçirildi. Maslahat bilen ugurdaşlykda bu şanly senelere bagyşlanan adybir sergi hem geçirildi.  Maslahatyň işine ýurdumyzyň birnäçe...

DOWAMY
16 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA HEM-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY 75-NJI SESSIÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARLYGYNA SAÝLANYLMAGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi. Çäre sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu halkara media-forum Türkmenistan tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň bi...

DOWAMY
16 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda bellenip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň iş...

DOWAMY