EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASYNYŇ UGURLARY: BIOKÖPDÜRLÜLIGI GORAMAK
22-nji awgustda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynyň barşynda halkara ylalaşyklarynyň birnäçesine goşulmak barada Kararlar kabul edildi, olaryň arasynda “Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa goşulmak hakynda, “Afrika-Ýewraziýanyň göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyga goşulmak hakynda Kararlar bar.
Daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde we ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek meselelerinde ýurdumyzyň eýelýän işjeň orun eýeleýändigine şaýatlyk edýän bu wakany teswirlemegi biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar Rustamowdan haýyş etdik.
-Şertnamalaryň ikisi-de ýabany haýwanlaryň diňe bir milli ähmiýetli bolman, eýsem halkara ähmiýetli seýrek görnüşlerini gorap saklamaga gönükdilendir – diýip E. Rustamow gürrüň berýär. - Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa (CMS) ýa-da Bonn Konwensiýasy haýwanlaryň ýerüsti we deňizde göçýän görnüşleriniň, şol sanda ýaşaýan ähli ýerlerindäki ýa-da ählumumy möçberde göçýän guşlary gorap saklamagy maksat edinýär. Bu halkara şertnamasy BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň çäklerinde hereket edýär. Konwensiýa 1979-njy ýylda gol çekildi, 1983-nji ýylda ol güýjüne girdi. Şu güne çenli 100-den gowrak ýurt oňa gatnaşyjydyr.
“Afrika-Ýewraziýanyň göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyga (AEWA) 1999-njy ýylda gol çekildi we ol Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýasynyň çäklerinde hereket edipdi. Ýöne 2015-nji ýylda özbaşdak Halkara ylalaşygyna bölündi.
-Ýurdumyz şu ylalaşyklara goşulmazdan ötri nähili çäreler görüldi?
-Türkmenistan şu resminamalara goşulýança bu haýwanlaryň göçýän görnüşleri hakda Konwensiýaynyň howandarlygynda Halkara memorandymlarynyň üçüsine – ýagny: 1998-nji ýyldan ak durnany saklap galmak babatda çäreler boýunça özara düşünişmek hakynda Memoranduma; 2005-nji ýyldan -- saýgagy saklap galmak, olaryň sanyny dikeltmek we durnukly ulanmak boýunça özara düşünişmek hakynda Memoranduma; 2002-nji ýyldan –buhar (tokaý) sugunyny saklap galmak we olaryň sanyny dikeltmek boýunça hereketler Meýilnamasy bilen özara düşünişmek hakynda Memoranduma gatnaşyjydyk.
Şu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dördüsiniň –Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gol çekendigini bellemekçi. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleriniň yhlasly işi netijesinde buhar sugunynyň sany durnuklaşdy.
-Häzirki wagtda haýwanlaryň göçüş ýagdaýy nähili?
-Haýwanlaryň köp görnüşleriniň, şol sanda Tebigaty goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşleriniň göçüş ýoly ýurdumyzyň üstünden geçýär. Süýdemdirijileriň arasynda, meselem, hazar düwleni, toýnaklylaryň ähli görnüşi (ýekegapandan başga), ýyrtyjylardan – alajagaplaň, ýarganatlaryň köp görnüşi bar.
Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa tarapyndan sebitimizde ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini we olaryň ýaşaýan ýerlerini saklap galmaga gönükdirilen strategik resminama - Süýdemdiriji haýwanlaryň göçýän görnüşleri boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (CAMI) teklip edildi. Bu başlangyjyň çäklerinde türkmen tebigatynyň haýwanat dünýäsiniň göçüşi öwrenilýän wekilleriniň arasynda gulan, keýik, aýrak, buhar (tokaý) suguny, saýgak, şeýle hem alajagaplaň bar.
Maksatnama her ýurtda, şeýle hem serhetüsti derejede haýwanlaryň şu görnüşlerini we olaryň ýaşaýan ýerlerini saklap galmak boýunça maksada gönükdirilen çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Mysal üçin,serhetlerde saýgaklar, gulanlar we Gyzyl kitaba girizilen beýleki haýwanlar üçin ýörüte geçelgeleri guramak boýunça başlangyç öňe sürülýär. Galyberse-de, göçýän toýnakly haýwanlar bilen baglanşykly ýagdaý Norwegiýanyň tebigaty öwrenmek institutynyň (NINA) we Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjynyň (CADI), alajagaplaň boýunça bolsa alajagaplaňlary halas etmegiň «Irbis» Gaznasy bilen bilelikdäki ekspedisiýalarynyň çäklerinde türkmen hem-de daşary ýurt bilermenleriniň üns merkezindedir.
-Göçýän guşlar barada näme aýdyp bilersiňiz?
- Afrika-Ýewraziýanyň göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşygy – ol diňe bir görnüş köpdürlüligini saklap galmak üçin hukuk guraly däl-de, şeýle hem serhetüsti derejede suw-batgalyk guşlary we peýdalanylýan ýerleri durnukly ulanmak üçin hem hukuk guralydyr. Türkmen ornitologlary Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak Şalyk jemgyýeti (RSPB) bilen bilelikde 2016-2017-nji ýyllarda Lebap welaýatynda seýrek duşýan çulugy-gara depeli tekejyllygy hasaba almak boýunça, şeýle hem 2018-nji ýylda AEWA-nyň iş toparynyň bilermenleri bilen bilelikde Balkan welaýatynda, Hazaryň kenarynda --ördekleriň ýitip barýan görnüşlerinden – gorçy ördek we kiçi sakar gaz boýunça barlaglar geçirdiler.
-Bu ylalaşyklaryň bioköpdürlüligi goramak boýunça Türkmenistanyň goşulan beýleki halkara şertnamalary bien nähili özara baglanşygy bar?
-Ozaly bilen,ýurdumyzyň 1998-nji ýylda gol çeken biologik köpdürlülik hakynda Konwesiýasyny ýatlamak gerek. 2009-njy ýyldan bäri ol beýleki bir wajyp halkara konwensiýasynyň -- Ramsar konwensiýasynyň bir taraby bolup, biz onuň çäklerinde umuman suw serişdelerini, suwly-batgaly ýerleri we suwda ýüzýän guşlary, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilenlerini hem goramaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrýarys. Şunda Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ýerleriniň we Türkmenistanyň sany 50-ä ýeten beýleki esasy ýerleriniň aýratyn ähmiýeti bar. Ornitologlaryň her ýyl gyşlaýan suwda ýüzýän guşlaryň we çal durnalaryň sanynyň halkara hasabatyny geçirýändigini hem aýtmak gerek.