TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ULAG-ARAGATNAŞYK TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatgaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Geçen ýylda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, döwlet Baştutanymyz bu ugruň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly bu pudaklarda käbir kynçylyklar ýüze çykýar, bu bolsa olaryň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir edýär.
Şu gün ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen işleri sazlaşykly guramak bilen baglanyşykly meselelere serederis diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we iş maslahatyna gatnaşyjylaryň hasabatlaryny we tekliplerini diňledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradowa söz berdi. Ol geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de şu ýyl üçin meýilnamalar hakynda hasabat berdi.
Agentligiň girdeji böleginiň 118,5 göterim ýerine ýetirilendigi barada habar berildi. Ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 120,5 göterim berjaý edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ýük dolanyşygynyň göwrümini artdyrmak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar.
Hasabat döwründe demir ýollaryň 245 kilometrinde abatlaýyş işleri geçirildi, relsleriň 32,7 kilometri çalşyldy, demir ýol geçirijileriniň 90-sy hem-de demir ýol köprüleriniň 22-si abatlanyldy. Şonuň ýaly-da ýük we ýolagçy wagonlarynyň 930-dan gowragynda abatlaýyş işleri geçirildi, teplowozlaryň 25-siniň dizel bölegi we çekiji elektro hereketlendirijileri abatlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agentligiň işine nägilelik bildirdi hem-de häzirki wagtda demir ýol ulaglarynyň işiniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz pudagyň ýolbaşçysyna demir ýollary elekrtofikasiýalaşdyrmak boýunça işler bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berip, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen peýdaly innowasion işläp düzmeler boýunçatejribe alyşmagyň wajypdygyny, munuň bolsa pudaga maýa goýulmaryň gelmegini üpjün etjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz demir ýol ulagyny ösdürmek babatynda pudagyň tehniki binýadyny döwrebapalşdyrmagyň hem-de täzelemegiň ileri tutulýan ugurdygyny nygtap, daşary ýurtlardan biziň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnikalaryny satyn almagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ugurdaş düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek boýunça alnyp barylýan çäreler, olar boýunça öňde goýlan meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Geçen ýyl ýurdumyzda telefon nokatlarynyň 192 müň 238-si gurnalyp, meýilnama 112 göterim ýerine ýetirildi. 685 kilometr aragatnaşyk ulgamlary çekildi, 266 müň 160 müşderi internet ulgamyna birikdirildi.
Türkmenistanda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sany hyzmatlar hakynda” Kanun hem-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda 510 web-saýt döredildi we bellige alyndy.
Mundan başga-da, ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri sanly ulgam arkaly hödürlenilýär we e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda ýerleşdirildi.
Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda ilkinji “tmchat” milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamy we “sanly.tm” milli elektron poçtasy işe girizildi.
Telekommunikasiýa we informatika institutynyň binýadynda “Sanly çözgüt-IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredilip, jemgyýetiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilip, olar önmüçilige ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowhasabaty diňläp, agentligiň işini guramakda kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirdi. Pudakdaky ähli işleri hil taýdan täze derejede guramak, bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmak döwrüň talabydyr.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysyna ikinji emeli hemrany taýýarlamak işini çaltlandyrmakhem-de ilkinji emeli hemranyň kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak babatynda tabşyryklary berdi.
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedow geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýylyň iş meýilnamasy babatda hasabat berdi.
Hasabat döwründe agentlik boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 104,5 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy bolsa 103,1 göterim berjaý edildi.
Ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 100,1 göterim, ýolagçy dolanyşygy boýunça meýilnama 101 göterim amal edildi.
“Aşgabat-Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň, “Awtomobilulaghyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini we “Awtoulagkärhanalarbirleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýan awtoulag kärhanalar toplumy we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi ulanmaga berildi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen okuw-türgenleşik merkezi ýol hereketiniň howpsuzlygyny berkitmäge we sürüjileri taýýarlamagyň hem-de gaýtadan taýýarlamagyň derejesini ýokardyrmaga hem-de kämilleşdirmäge ýardam berýär.
“Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de agentligiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agentligiň işine nägilelik bildirdi we birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Milli Liderimiz pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýük daşamak babatda ösen halkara tejribesini öwrenmegiň hem-de ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň Ulag strategiýasy bu ugurdaky kadalaryň we düzgünleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän birnäçe toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmagyny esasy ugur edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Awtoulag kärhanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, ilata häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlary ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.
Soňra “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ýük daşamagyň meýilnamasy 106,1 göterim berjaý edildi. 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Türkmenbaşy we Türkmenabat Halkara howa menzillerine daşary ýurt howa gämileriniň tehniki uçuş-gonuş işleri amala aşyrylyp başlandy.
Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, IL-76 kysymly ýük howa gämisinde hepdede bir gezek Aşgabat-Stambul-Aşgabat we Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýük gatnawlary ýola goýuldy. Häzir Aziýadan Ýewropa hem-de Ýewropadan Aziýa sebitine Boeing-200LR kysymly howa gämisiniň bagaž böleginde ýükleri daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň pudagy goldamak üçin ähli zerur çäreleri görýändigini belledi. Şol birwagtyň özünde raýat awiasiýasynyň işini täze şertlere uýgunlaşdyrmaga netijeli usullary tapmak zerur bolup durýar.
Hususan-da, halkara we içerki ugurlar boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ýokary hilini, howpsuzlyk we amatlylyk derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga ähmiýet berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz pudagyň işine nägilelik bildirip, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurlarda dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy A.Haýytmuradow deňiz we derýa ulaglarynyň işini ösdürmek, bu ugurda hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we pudagy sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berildi.
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämileri abatlamak işleri alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda döredilen häzirki zaman ulag-üstaşyr, kommunikasiýa we logsitika ulgamlarynyň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendigini belledi.
Milli Liderimiz Türkmenbaşy şäheriniň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen deňiz menziliniň ýöriteleşdirilen terminallarynyň tehniki taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyny belläp, Merkezi Aziýanyň esasy “deňiz derwezesiniň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň herekete girizilişine nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna deňiz we derýa ulaglary pudagynyň dolandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, halkara ýük gatnawlaryny amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowy göni wideoaragatnaşyga çagyryp, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory A.Aşyrowa söz berdi. Rektor geçen ýylyň dowamynda institutda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we 2020-2021-nji okuw ýylynda göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýokary okuw mekdebiniň bilim portaly, elektron web-saýty döredildi.
Şeýle hem döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, bu ýokary okuw mekdebi bilen Kazanyň milli barlag tehniki uniwersitetiniň hem-de Astrahanyň Deňiz we derýa ulaglary Hazar institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamalara laýyklykda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklary we özara maslahatlar geiçrildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet we milli maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi we bu ugurda instiutda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýokary hilli, dünýä derejesine laýyk gelýän bilim-terbiýe bermegiň, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu babatda rektora birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz talyplaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de olaryň ylmy we taslama işlerine çekilmegine, okuw ulgamyna ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, şeýlelikde, institutda dünýäniň ugurdaş iri ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça zerur işleriň görülmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iň gowy milli we halkara tejribelerini nazara alyp, ylym-bilim ulgamyny depginini ösdürmek we düýpli özgertmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýokary okuw mekdebiniň ýurdumyzyň ugurdaş agentlikleri bilen gatnaşyklarynyň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmelidigine, aýratyn-da, talyplaryň multimodal ugurlar we “Lapis-Lazuli” halkara geçelgeleriniň ähmiýeti boýunça ylmy işlere çekilmegine zerur ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Soňra Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kulyýew geçen ýylda institutda ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenilen iş meýilnamalary barada hasabat berdi.
Bu ýokary okuw mekdebinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýandygyny belläp, rektor milli ykdysadyýetimizde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri göz öňünde tututp, täze hünärleri açmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy .
Institutda talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlanlandyrmak, talyplary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmek, innowasion tehnologiýalary okuw işlerine giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şeýle hem institutda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak, maglumat ulgamlaryny netijeli dolandyrmak, maglumat ulgamlarynyň howpuzlygyny üpjün etmek bilen bagly dürli meseleleri öz içine alýar.
Mundan başga-da, rektor talyplaryň okuw döwründe alan bilimlerini önümçilikde berkitmek maksady bilen, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň agentlikleriniň edara-kärhanalarynda tejribe geçýändiklerini we milli Liderimiziň goldaw bermeginde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen institutyň hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän “Sanly çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň döredilendigini habar berdi. Bu ýerde talyplar, mugallymlar we hünärmenler täze taslamalary taýýarlamaga we önümçilige ornaşdyrmaga gatnaşýarlar, tejribe alyşýarlar we maglumat tehnologiýalary boýunça okuw geçýärler.
Rektor çykyşynyň dowamynda bu institutyň milli Liderimiziň tagallasy netijesinde Uniwersitetleriň Halkara Bileleşiginiň agzasy bolmak bilen, dünýäniň abraýly ugurdaş ýokary okw mekdepleri, bilim edaralary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlaryň bilim derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini belledi we ýurdumyzyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Türkmen Älem-520” milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň ikinji nobatdakysyny äleme çykarmak bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ýer kadastryny işjeňleşdirmekde, netijede bolsa, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmäge ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň öňe sürýän ulag diplomatiýasyny amala aşyrmak, ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin zerur bolan ýokary derejeli inženerleri we tehnologiýalary ýetişdirmek boýunça Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň degişli ugurlar boýunça ylmy açyşlary, oýlap tapyşlary üçin zerur mümkinçilikler döredilmelidir we olar önümçilige ornaşdyrylmalydyr. Şunda, dünýäniň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri we abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklar berkidilmelidir, şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny işe çagyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir, diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Talyplaryň hünär tejribesini ýokarlandyrmak nazary bilimlerini önümçilikde berkitmek we göçme tejribe sapaklary guramak möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň halkara IT-- kompaniýalarynyň taslamalaryna gatnaşmagynyň, milli ykdysadyýetimiziň tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçýändigini nazara alyp, inžener-tehniki we ulag aragatnaşyk ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary boýunça okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Geldinyýazowa we institutlaryň rektorlaryna ýüzlenip, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we okuw maksatnamalaryna has zerur ugurlar boýunça täze hünärleri girizmek, okatmagyň usulyýetini döwrüň talabyna laýyk derejede özgertmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlanyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden birnäçe Kararnamalarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Olaryň hatarynda 2014-nji ýylyň dekabr aýynda “Durnukly ösüş maksatlary üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny”, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bolsa “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmäge ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda”, şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda “Durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek” atly Kararnamalar bar. Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň belende galýandygyny alamatlandyrar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, milli ykdysadyýetimiz üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlmak meseleleriniň wajypdygyny nazara alyp, bu ugurda alnyp barylýan işler häzirki zaman tehnologiýalary bilen ösdürilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümlerinde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi. Şu döwürde toplumyň önümçilik meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi.
Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumyna pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen, elektron görnüşde petekleri satmak, ýük ulag hyzmatlaryna sargytlary kabul etmek, taksi hyzmatyndan peýdalanmak, şeýle-de “Bir penjire” ulgamynyň kömegi bilen jemagat, ýaşaýyş, bank hem-de beýleki birnäçe hyzmatlardan peýdalanmak we olaryň töleglerini geçirmek mümkinçliklerini girizmek hem-de kämilleşdirmek işleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň depginleriniň pesdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.
Milli Liderimiz toplumyň ähli düzümleriniň girdejiligini ýokarlandyrmak ugrunda bar bolan ähli mümkinçilikleri doly herekete girizmek, edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin zerur tagallalary etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýy we pudagara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça amala alyrylýan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag pudaklarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak ulgamynyň durnuklylygyny ýola goýmak we aragatnaşyk pudagynyň edaralarynyň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu wezipeleriň amala aşyrylyşyna berk gözegçilik etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemlemek bilen, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini netijeli ýola goýmak üçin ýygnananlaryň ählisiniň zerur çäreleri görmelidigini aýtdy. Toplumyň edara-kärhanalarynyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak, girdejilerini artdyrmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini ýatlatdy.
Döwlet Baştutanymyz bellenilen ilkinji nrobatdaky wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradowa ýüzlenip, ,ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, gurlan döwrebap demir ýol üpjünçilik ulgamynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaly. Demir ýollar boýunça ýük daşalmagyny mundan beýläk-de artdyrmaly; diýip, nygtady.
“Lapis Lazuli” ugruny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwrebaplaşdyrylan demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaly. Daşary ýurt we milli önümleri halkara bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt harytlaryny ýurdumyza gysga we amatly ýol bilen getirmek mümkinçiliginden ýerlikli peýdalanmaly diýip, milli Liderimiz belledi.
“Demirgazyk–Günorta” ugry boýunça “Gazagystan–Türkmenistan–Eýran” demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi bilen, Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta–Gündogar Aziýa ugurlary boýunça eksporty artdyrmak işlerini güýçlendirmeli diýip döwlet Baştutanymz bu babatda tabşyryklary berdi.
Maglumat tehnologiýalarynyň bütindünýä ösüşinden yza galmazlyk üçin, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaly. Pudaga döwrebap tilsimatlary giňden ornaşdyrmaly. Halkara tejribesinden ugur alyp, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaly. Internet hyzmatlarynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewe degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, , 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça wezipeleri ýerine ýetirmekde utgaşykly işleri alyp barmaly. Milli Liderimiz aragatnaşyk pudagynyň ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy, “Türkmen Älem 520” milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň transponderlerini we mümkinçiliklerini doly ulanmagy, bu ugurda mahabatlandyrma hem-de marketing işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedowa ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, orta görnüşli we kiçi awtobuslary satyn almak boýunça işleri dowam etdirmek; Agentligiň kärhanalarynyň awtobuslarynda, ýeňil taksi we ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we JIPES/Glonass ulgamlaryny, Internet arkaly hyzmatlary we ýol petekleriniň satylmagyny giňden ornaşdyrmak tabşyryldy.
Milli Liderimiz şäherara we şäherýaka awtobuslaryndan peýdalanýan ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek maksady bilen, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap awtomenzilleriň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamagy talap etdi.
Awtomobil ulaglary arkaly daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyryp, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyny dowam etmegi belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa ýüzlenip, howa gämilerinde düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini we tehniki hyzmatlary öz wagtynda geçirmegi; Uçuşlaryň ygtybarly we howpsuz bolmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Agentligiň howa menzillerinde döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça zerur çäreleri görüp, howa menzillerini has netijeli ulanylmagyny üpjün etmeli.
Milli Liderimiz dünýäde häzirki wagtda awiaýolagçylaryň azalandygyny göz öňünde tutup, täze ýük uçarlaryny satyn almagy we uçarlaryň ýük daşaýjylyk ukybyny artdyrmagy tabşyrdy we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy A.Haýytmyradowa ýüzlenip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda gämigurluşyk işlerini tapgyrlaýyn ýola goýmagy, zerur bolan ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlap, bu ugurda üpjünçiligi gowulandyrmagy tabşyrdy.
Halkara tejribesinden ugur alyp, pudaga maýa goýumlaryny we karz serişdelerini çekmek boýunça zerur çäreleri geçirmeli. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we Bakuwyň Halkara deňiz söwda portuny doly güýjünde ulanyp, Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň üstaşyr geçirmek mümkinçiligini artdyrmalydygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetiniň kuwwatyny doly derejede ulanmaly. Flotuň gämilerinde daşalýan ýükleriň möçberlerini has-da artdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory A.Aşirowa we Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýewe ulag-aragatnaşyk we ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýörite ugurlar boýunça zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, innowasion bilim maksatnamalaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini halkara standartlaryna laýyklykda ýokarlandyrmak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy-tejribe işlerini geçirmek üçin sanly aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Professor-mugallymlaryň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işler geçirilmelidir.
Ulag we aragatnaşyk pudagynyň dürli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmek institutyň öňünde durýan wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Halkara tejribesine laýyklykda okuw işlerine daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini hem çekmeli. Sanly bilimi okuw işine giňden ornaşdyryp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrüň talabyna görä yzygiderli kämilleşdirmelidigini, bu ugurda täze hünärleri açmalydygyny aýtdy.
Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna talyplaryň, mugallymlaryň we ylmy işgärleriň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere we sergilere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri we IT kompaniýalary bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygy netijeli ýola goýmak, halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmak işini tapgyrlaýyn dowam etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwletimiziň ulag diplomatiýasyny amala aşyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsleşige ukyply ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Ulag we aragatnaşyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, önümçilikleriň doly kuwwatynda, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça hem tabşyryklar berildi.
Toplumyň edara-kärhanalarynda çykdajylaryň düzümini seljermek
we zerur bolmadyk çykdajylary aýyrmak arkaly önümiň,
işleriň we hyzmatlaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmek işleriniň yzygiderli geçirilmegine berk gözegçilik etmeli.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwlet tarapyndan ulag we aragatnaşyk toplumynyň pudaklaryna, hususan-da, sebitde iri döwrebap deňiz portuny we howa menzillerini, demir we awtomobil ýollaryny gurmak üçin uly möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilendigini göz öňünde tutup, kärhanalaryň önümçilik netijeliligini we girdejiligini artdyrmaly. Ýurdumyzda üstaşyr gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek bilen, gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleri artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, ýük we ýolagçy dolanyşygy hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, müşderilere hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmek bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz import harytlarynyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň amatly bahalardan satyn alynmagyny we sebitdäki ýurtlar üçin hereket edýän bahalardan ýokary bolmazlygyny üpjün etmegi tabşyrdy. Harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaly.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, çökgünlige garşy 2020–2021-nji ýyllar üçin maksatnama laýyklykda hem-de elektron söwdasynyň, Internet hyzmatlarynyň, uzak aralykdan işlemegiň we okatmagyň giňden ýaýramagy bilen baglylykda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny gowulandyrmalydygyny aýtdy.
Maglumat tehnologiýalarynyň dünýädäki ösüşine laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaly diýip, milli Liderimiz halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenýän Internet hyzmatlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz döwlet edara-kärhanalaryny sanly ulgama birikdirmek işini çaltlandyrmak, ilata “Bir penjire” elektron görnüşinde dürli döwlet hyzmatlarynyň ýola goýulmagyny üpjün etmek boýunça aýratyn görkezmeleri berdi.
Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag pudagyndaky görkezijileriň pese düşmegini nazara alyp, ýük daşamakda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmeli.
Müşderilere hyzmat etmek üçin sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmeli. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara howa menzillerinde üstaşyr geçiriş merkezlerini döretmek arkaly ýolagçy hem-de ýük gatnawlaryny artdyrmak üçin dürli üstaşyr gatnawlary köpeltmegiň zerurlygyny öwrenmeli. Munuň üçin “deňiz-demirýol-awtomobil ýoly” ulgamy boýunça gatnawlar üçin sebitdäki nyrhlaryň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz ulag-kommunikasiýa pudagyna, hususan-da, multimodal deňiz portunyň we döwrebap howa menzilleriniň gurluşygyna döwletimiziň köp möçberde maýa goýumlaryny goýandygyny göz öňünde tutup, olaryň netijeli ulanylmalydygyny we girdejili bolmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt walýutasynda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberlerini artdyrmagyň, üstaşyr ýük gatnawlaryna amatly şertleri hem-de multimodal logistikany ýola goýmak boýunça oňyn mümkinçilikleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz demir we awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini alyp barmagyň, maýa goýumlaryny çekmek arkaly howa menzillerini gurmagy hem-de aragatnaşyk serişdelerini ösdürmegi dowam etmegiň, ähli desgalar boýunça ýokary hünärli işgärleri we halkara güwänamalaryny taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy halkara deňiz portuny doly kuwwatynda ulanmaly hem-de ulag-logistika merkezleriniň üstünde işlemeli diýip, sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Öwezowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki Orunbasarlary bilen bilelikde degişli işleri alyp barmagy we Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde bu ugurda edilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işe goýberen kemçilikleri üçin “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy A.Haýytmyradowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa berk käýinç yglan etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa berk käýinç yglan etdi.
Milli Liderimiz wise-premýer G.Müşşikowa ýüzlenip, ulag we aragatnaşyk toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli seljerme geçirmegi, onuň maliýe üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pudagara bergiler we karz serişdelerini gaýtarmak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz ulag-aragatnaşyk toplumynyň edaralarynda kuwwatlyklaryň doly güýjünde peýdalanylmagynyň we ösüş depginleriniň peselmeginiň sebäplerini seljermegiň zerurdygyny belläp, ilat üçin aragatnaşyk we Internet hyzmatlarynyň, bahalarynyň elýeterli bolmagyny, 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsleşige ukyply ykdysadyýeti ösdürmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň we bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taryhyň ähli asyrlarynyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyny we häzirki döwürde bu ugruň döwrebap derejede dikeldilýändigini belläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň bu ugry ösdürmekde aýratyn möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ähli düzümlerine bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde we Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede ösdürilmeginde ýokary jogapkärçilik degişlidi. Şeýlelikde, bu meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.