Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherinde Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky II işewürlik forumy geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky II işewürlik forumyna gatnaşdy. Çäre 2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda BAE-niň Şarja şäherindäki Şarja Söwda-senagat edarasynda geçirildi.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Şarja Söwda-senagat edarasy tarapyndan, BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň goldaw bermegi bilen gurnaldy.

Bu çäre iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, işewür gatnaşyklary berkitmäge we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirildi.

Foruma Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň höküment wekilleri, şeýle-de işewür jemgyýetleriniň we hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdy.

Olaryň arasynda BAE tarapyndan jenap Abdulla Sultan Al Owais, Şarja Söwda-senagat edarasy hem-de “Ekspo Şarja” sergi merkeziniň başlygy hem-de jenap Humaýd Mohammed bin Salem, BAE Söwda we Senagat edaralarynyň Federasiýasynyň Baş sekretary, şeýle hem beýleki BAE wekillerini bellemek bolar.

Forumy açyp çykyş eden jenap Abdulla Sultan Al Owais Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ähmiýetini nygtady. Ol Şarja emirliginiň işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we sebit bazarlarynda ornuny giňeltmek isleýän türkmen kompaniýalaryna goldaw bermäge taýyndygyny aýtdy.

 

Forumda gutlag sözi bilen çykyş eden Mergen Gurdow, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň ösüşiniň olaryň ýolbaşçylarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny görkezýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň öz ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek syýasatyny yzygiderli dowam etdirýändigini we daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekýändigini, işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Serdarmammet Garajaýew ýurtlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynamyň ýokary derejesini belläp, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny ilerletmekde işewürlik forumlarynyň möhüm ornuny nygtady.

Forumyň dowamynda BAE-niň Daşary söwda ministrliginiň wekilleri ýurduň maýa goýum gurşawy hem-de bäsdeşlik artykmaçlyklary barada giňişleýin maglumat berdiler.

Öz gezeginde, türkmen işewürleri senagat, oba hojalygy, energetika we logistika ýaly ugurlarda milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän birnäçe taslamalary hödürlediler hem-de BAE-niň kompaniýalary bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak isleglerini beýan etdiler.

Mundan başga-da, forumyň çäginde türkmen kärhanalarynyň önümleriniň sergisi guraldy. Sergide senagat we azyk önümleri, dokma, ýeňil senagat harytlary hem-de gurluşyk serişdeleri görkezildi. Bu sergi emirligiň işewür toparlarynyň uly gyzyklanmasyny döretdi hem-de türkmen önümleriniň halkara bazarlarynda dürlüligini we bäsdeşlige ukyplydygyny görkezdi.

Forumyň dowamynda iki ýurduň işewürleri we kompaniýalarynyň wekilleri arasynda B2B görnüşindäki duşuşyklar geçirildi. Geçirilen gepleşikler çärä aýratyn işjeň we amaly häsiýet berdi: gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, aragatnaşyklar guradylar we bilelikdäki taslamalary ösdürmäge özara gyzyklanma bildirdiler. Bu duşuşyklar iki ýurduň işewürleriniň arasynda ynamy pugtalandyrdy hem-de forumy has netijeli we üstünlikli etdi, ony uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança hökmünde görkezdi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Şarja şäheriniň senagat önümleriniň hemişelik sergisine baryp gördüler we emirligiň önümçilik pudagynyň häzirki zaman ösüş ugurlary bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ikinji işewürlik forumynyň geçirilmegi durnukly ösüşe, innowasiýalara hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boldy.