SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN MANADY — MILLI YKDYSADYÝETIMIZI BERKITMEGIŇ WAJYP GURALY
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry — milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýyl...
HATYRA BAGLANŞYGY: GURBANNAZAR EZIZOWA BAGYŞLANAN EDEBI-SAZLY DUŞUŞYK
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan çäre boldy, diri gezip ýörenliginde ol şu ýyl 80 ýaşamalydy. Paýtagtymyzyň esasy ýokary okuw jaýynyň medeni-magaryf çäresini geçirmek üçin saýlanyp alynmagy tötänden däl. Bu ýerde şahyryň agtygy Aýtäç Orazowa iňlis dili mugallymy bolup işleýär, ol HYYweÖU-niň rektoratyna talyp ýaşlar üçin Gurbannazar Eziziowy dostluk ýa-da döredijilik gatnaşyklary bi...
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Daşky gurşawy goramak mes...
AŞGABATDA MEDENIÝET ULGAMYNYŇ TÄZE BINASY IŞE GIRIZILDI
Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar. Bu waka mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlardan soň, «Jahan» döredijilik merkeziniň açylmagy mynasybetli h...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk birleşikleriniň howa babatda durnukly ykdysady işini goldamak» atly bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde taslamanyň iş toparynyň jemleýji mejlisi geçirildi. Onlaýn görnüşde geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň suw we ýer serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen, pudaklaýyn hem-de hukuk guralyny kämilleşdirmek boýunça taslamanyň çäklerinde geçirilen işiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise Oba hojalyk we...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp guralan onlaýn duşuşyga IOI-niň we Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gu...
TÜRKMENISTAN DÜNÝÄNIŇ IŇ HOWPSUZ ÝURDY HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI
?Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanylýar. Bu hoş habar şu gün bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyny has-da belende galdyrdy. Ykdysadyýet we dünýä institutynyň barlaglarynyň netijelerine laýykly...