RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINIŇ NETIJELERI BARADA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýeti bu guramanyň Hemişelik Geňeşiniň agzalaryny 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri bilen tanyşdyrdy. ÝHHG agza-döwletleriniň wekillerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudakla...

DOWAMY
pic
1 Okt

TÜRKMENISTANLY ÝIGITLER – ÇUWAŞ DÖWLET UNIWERSITETINIŇ TALYPLARY EDERMENLIGI ÜÇIN SYLAGLANDYLAR

Biziň internet-gazetimiziň redaksiýasyna I. N. Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň (Çeboksary şäheri, Russiýa Federasiýasy) Kommunikasiýalar merkeziniň işgäri Natalýa Ýaşinadan hat gelip gowuşdy, onda häzirki wagtda şol ýokary okuw mekdebiniň hukuk fakultetinde bilim alýan ildeşlerimiz Eldar Alyýew bilen Allabaý Amanmuhammedowyň edermenligi barada gürrüň berilýär. Allabaý bilen Eldar aýal maşgalanyň janyna kast etjek bolan erkek adamy tutdylar, ony polisiýa işgärlerine tabşyryp, jen...

DOWAMY
pic
1 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY NOBATDAKY DUŞUŞYK

Iki dostlukly ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan «Türkmenistan — Belarus: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary» atly onlaýn duşuşykda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, eksport harytlary we hyzmatlary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä ýurdumyzyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Belarus Respublikasyndan 80-e golaý kompaniýanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistan hormatly Pr...

DOWAMY
pic
1 Okt

TÜRKMEN ALABAÝY — MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň birinji sany çapdan çykdy. Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy tarapyndan esaslandyrylan täze neşir türkmen alabaýlaryny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge hem-de okyjylary şu ýyl döredilen we dünýäniň dürli ýurtlaryndan kinologlary öz hataryna birleşdiren assosiasiýanyň işi bilen tanyşdyrmaga ýardam etmelidir. Şeýle bolsa-da, ýöriteleşdirilen žurnal diňe bir kinologik häsiýete e...

DOWAMY
pic
1 Okt

ŽURNALIST WE FOTOSURATÇY-NAKGAŞ: ÝAŞA PER BERMEÝÄN ZEHIN

Şu gün dünýä jemgyýetçiligi uly nesliň baýramyny – Ýaşuly adamlaryň halkara gününi belleýär. Bu sene – biz bilen bilimini, tejribesini we danalygyny gysganman paýlaşýan ýaşuly adamlara öz söýgümizi we hormat-sarpamyzy, olaryň maslahatynyň biz üçin gymmatlydygyny aýtmaga ýene bir delildir, olaryň durmuş ýoly, şahsy sypatlary we hünär ussatlygy ýurduň depginli ösüşine goldaw berýär we halypalyk däplerini dowam edýär. Şol nesliň wekilleriniň biri-de -- golaýda 75 ýaş ýubileýini bellän kärdeşimiz...

DOWAMY
pic
1 Okt

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULY NESILLERINE HEM-DE HALKYNA

Hormatly ýaşulular! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanan dabaralaryň pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşulularymyzyň hem-de tutu...

DOWAMY
pic
1 Okt

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ SOŇKY SYÝASY WAKALARYNA BAGYŞLANAN METBUGAT KONFERENSIÝASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda bolup geçen möhüm syýasy wakalara, hususan-da Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde kabul edilen taryhy kararlara, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan metbugat konferensiýasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mek...

DOWAMY