SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ SPORT ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA ONLAÝN-DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Robin Mitçell gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Olimpiýa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, soňk...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dowwaýewa Akjagül Baýmyradowna işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Maýagözel Annageldiýewna Ýollyýewa Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jemal Sapardurdyýewna Nepesowa Aşgabat...
TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan–Owganystan–ABŞ formatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşmaklarynda ilkinji gezek wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleriň bir...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADYNY PUGTALANDYRÝARLAR
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Teswirnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmar we türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öw...
TÜRKMENISTAN UCI BILEN HYZMATDAŞLYGYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Halkara welosipedçiler birleşiginiň Prezidenti Dawid Lappartien bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar önjeýli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler. Bu ug...
TÜRKMENISTANYŇ BSG AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERI ÖWRENMEK BOÝUNÇA HÖKÜMET TOPARYNYŇ MEJLISI
2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory han...