SOŇKY HABARLAR
MILLI LIDERIMIZIŇ HYTAÝ DILINDE NEŞIR EDILEN «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý dilinde neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Aşgabatda işleýän halkara guramalaryň we habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, syýasatşynaslar, diplomatlar, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň...
RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Artykow Yslam Annanurowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Güýçmyrat Berdiýew Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14949
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY B.G.ÖWEZOW HAKYNDA
Podpolkownik Bekmyrat Gurbanberdiýewiç Öwezowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 7-nji oktýabry. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14951
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň dokuz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, g...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
“Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onlaýn-duşuşyga birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Geňeşe başlyklyk edijiler – iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň başlyklary mejlisi açmak bilen, wajyp hyzmatdaşlygyň pugtaland...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Iki ýurduň Prezidentleriniň ylalaşyklaryny durmuşa geçirmegiň mazmunynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerine seredip geçdiler. Taraplar iki döwletiň halkara giňişligindäki özara hereketlerine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Ministrler Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tut...
ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol...