SOŇKY HABARLAR
ÝEWGENIÝA ADAMOWANYŇ SURATLARYNYŇ BIRINIŇ DÖREÝŞI
Ýatlamalar, misli durmyş monjugynyň gymmatly dürleri ýaly, ýatda galan duşuşyklardyr wakalardan wagt näçe kän geçse-de, biziň ykbalymyzyň paýyna düşen her bir pursadyň, hat-da ownujak zadyň-da gadyr-gymmaty artdyrýar... Golaýda joram Jemal Kerimowa ýatda galyjy üýtgeşik bir wakany gürrüň berdi. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesinde okaýan döwri Jemal türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergilerine köp barýan eken. Şeýle sergileriň birinde onuň ýanyna Ýewgeniýa...
ARZUWYNY WYSAL EDEN: EL HÜNÄRINIŇ GUDRATY
Höwes näme? Umuman, oňa adamyň kär saýlamagyna sebäp bolýan ol ýa-da beýleki işe, pişä meýil diýilýär. Galyberse-de, hat-da çagalyk döwründäki bolsa-da, arzuwyňa ýetmek. Meniň gürrüňini edýän çeper elli zenanym –çagalyk arzuwyna eýerip, özüni gurjak döretmek sungatyna bagş eden Annabagt Täçmyradowa. ... Annabagt Balkan welaýatynyň Serdar (ozalky Gyzylarbat) şäherinde doglup, owadan tebigy manzarlaryň arasynda kemala geldi. «Biz öz şahsy kiçeňräk jaýymyzda ýaşardyk, töweregimizde şeýle öýler k...
BIR ASYRYŇ GAZETI: TARYHA SYÝAHAT
...100 ýyl mundan ozal, 1920-nji ýylyň 29-njy iýulynda Aşgabatda (şol döwürler türkmen paýtagynyň ady Poltoraskdy) iň baýry «Türkmenistan» milli gazetiniň birinji sany çapdan çykdy. Ol 1929-njy ýyla çenli ýurdumyzda ulanylan arap elipbisindäki türkmen dilindäki neşir 600 nusgalykda çap edilipdi. Iki sahypaly partiýa gazetiniň esasy maksady şol döwrüň taryhy wakalary bilen baglanşyklylykda syýasy wagyz we medeni-magaryf işlerini geçirmekdi. Gubaýdulla Husaýinow (1892-1948 ýý.) gazetiň ilkinji...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi....
TÜRKMEN-TATARSTAN ÖZARAGATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen wideogepleşikleri geçirdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň çarçuwasynda Türkmenistan RF-niň subýektleri bilen netijeli özarahereketleriň alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Işj...
ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2020-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ungaro bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi. Italiýa Respublikasynyň Ilçisi öz gezeginde işlemek...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we alyp barýan işlerini kämilleşdirm...