SOŇKY HABARLAR
"TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMLERI" KÄRHANASYNDA 35 GÖRNÜŞLI AÝNA GAP-GAÇLARY ÖNDÜRILÝÄR
Merkezi Aziýa sebitindäki iň uly aýna öndürýän kärhana “Türkmen aýna önümleri” 35 görnüşli aýna gap-gaç önümlerini, şeýle hem göwrümi 0,5-3 litr bolan lukmançylyk çüýşelerini we gaplary öndürmegi özleşdirildi. Bu kombinatyň aýna gap gaçlary içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Miweleri we gök önümleri taýýarlaýan we konserwirleýän, şeýle hem içgileri öndürýän kompaniýalaryň sargamaklary bilen tomsuň başyndan bäri 5,5 milliondan gowrak aýna gap öndürildi. Aýna gap-gaç kombinatynda...
TÜRKMENISTAN BILEN BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşykla...
TÜRKMENISTANA BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ SYNÇYSY DEREJESI BERILDI
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä seredildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda...
TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we ÝHHG-n...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI WE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda, Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, taraplar...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY TÜRKMENISTANYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERINI GOLDAÝAR
Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we Ç.Aýdarbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn we sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegine, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. T...