SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN SIERRA-LEONE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝMAK HAKYNDA TESWIRNAMA GOL ÇEKILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanow hem-de Sierra-Leone tarapyndan Sierra-Leone Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY BERKIDÝÄR
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bell...
CAREC -IŇ MILLI UTGAŞDYRYJYLARYNYŇ MASLAHAT BERIŞ MEJLISI GURALDY
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn görnüşinde maslahat beriş mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar CAREC maksatnamasynyň ykdysadyýet, söwda, energetika, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeler ugurlarynda durmuşa geçirilen işler, şeýle hem saglygy gor...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ OBASENAGAT TOPLUMY WE KANUNÇYLYGY KÄMILLEŞDIRMEK MESELELERI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ara alnyp maslahatlaşylmagyna hödürlenen esasy meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ugurlary, öňdäki wezipeleri kesgitlemek meseleleri bar. Maslahatyň dowamynda wise-premýer E....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ALTYN KÖL” DYNÇ ALYŞ ZOLAGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady. Ilatyň ýokary derejeli dynç alşyna gönükdirilen nobatdaky desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ösen şyp...
RESUL GYLYJOWYŇ TÄZE TASLAMASY: ERTEKINIŇ SUNGAT DILINDÄKI BEÝANY WE SAZ FANTAZIÝALARY
14-nji iýunda Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Disneý. Fantaziýa» konsertini berdi. Döredijilik toparynyň terjimehalyna ýene bir şanly sahypa ýazan konserte gelen adamlardan ýaňa zalda ýer ýokdy, ol nusgawy sazlaryň muşdaklaryna şekilli sazlar dünýäsine syýahatdan uly lezzet berdi. Resul Gylyjowy täze konserti taýýarlamaga ruhlandyran Uolt Disneýiň «Fantaziýa» atly doly metražly multfilmi öz döwri üçin batyrg...
DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Birleşigi – Merkezi Aziýa iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýt...