SOŇKY HABARLAR
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi göwünlerde çäksiz buýsanç duýgularyny döredýän şanly sene — 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Millionlarça ynsanlaryň ömri, edermenligi we gaýduwsyzlygy bilen gazanylan bu mukaddes Ýeňiş parahatçylygy we hoşniýetliligi, dostlugy hem-de raýdaşlygy giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Adamzat taryhyna iň pajygaly döwür hökmünde giren 1941—1945-nji ýyllaryň jebir-jepaly synagla...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Prezident maksatnamalarynyň, şeýle hem ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy we mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň beýleki meseleleri ara alny...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14256
WETERANLARA, URUŞDA WEPAT BOLANLARYŇ ÝANÝOLDAŞLARYNA WE TYLDA ZÄHMET ÇEKENLERE BEÝIK ÝEŇŞIŇ 75 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝUBILEÝ MEDALY GOWŞURYLDY
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymzyzň «Mekan» Köşgünde uruş weteranlaryny we wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny gutlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda olara «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. «Mekan» Köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen foýesinde şanly sene mynasybetli söweş meýdanlarynda görk...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY TEMA BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçyl...
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK ŞÄHERLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ FEDERASIÝASYNYŇ HATARYNDA
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy 2012-nji ýylda dünýäniň meşhur syýahatçylyk şäherleri we syýahatçylyk guramalary tarapyndan döredildi. Ştab-kwartirasy we Sekretariaty Pekinde (HHR) ýerleşen SŞBF häzirki wagtda abraýly halkara syýahatçylyk guramasyna öwrüldi.
DÖWLET MUZEÝINDE BEÝIK ÝEŇŞE BAGYŞLANAN SERGI AÇYLDY
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Baýramçylyk sergisinde özboluşly fotrosuratlar, plakatlar we arhiw resminamalary, harby esbaplar, şeýle hem etnografiýa predmetleri, žiwopis we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär. Beýik Ýeňşe bagyşlanan sergide Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygyna bagyşlanan Ýörüşiň şanly pursatlary: Türkmenistanyň hormat garawuly rotasynyň esgerleriniň Moskwanyň Gyzyl meýdançasyndan geçip barýan, «Galkyn...