SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has hem pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştutanlary söwda, energetika, ulag we üstaşyr ýük da...
ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEPLEŞIK
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary T.Greminger bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň özarahereketleriniň iş ýüzündäki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan durmuş-ykdysady we ynsanperwer meseleleriniň çözülmegi babatyndaky tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy nygtalyp geçildi. ÝHHG-niň Ba...
HALKARA ULAG FORUMYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde Halkara ulag forumynyň (HUF) Baş sekretary Young Tae Kim bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» ýaly ugurdaş agentlikleriň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýurdumyzyň HUF-my bilen özarahereketleriniň esasy ugurlaryny ara alyp masl...
ULAG DAŞAMALARY WE GÜMRÜK GÖZEGÇILIGI UGURLARYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA WIDEOMASLAHAT
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary, şol sanda, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar. Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen ulg daşa...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝEWROPA SEBITI BOÝUNÇA EDARASY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky edarasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragtanşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we ministrligiň beýleki wekilleri, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşdy. ...
TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN AZYK ÖNÜMLERI, HARYTLAR WE SERIŞDELER DOSTLUGYŇ NYŞANY HÖKMÜNDE RUSSIÝA UGRADYLDY
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde ýurdumyzda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak mini...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Güýç Arçaýewiç Garaýew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesine bellenildi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14239