img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ, ÖZBEGISTANYŇ WE EÝRANYŇ DEMIRÝOLÇULARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 21-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol administrasiýalarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Узбекистон темир йуллари” Paýdarlar jemgyýetiniň hem-de RAI “Railways of Islamic Republic of Iran” guramasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda demirýol we awto ýol ýükleriniň üç ýurduň döwle...

DOWAMY
pic
20 Maý

OBA HOJALYK ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasynda başlanan hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde, 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň Maldarçylyk Önümlerini gaýtadan işlemek tehnologiýalary kafedrasynyň dosenti Anna Daştoýan: «Et senagatynda azyk goşundylaryny ulanmak» atly tema boýunça leksiýa okady. A.Daştoýan Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary bilen mähirli sala...

DOWAMY
pic
20 Maý

«AK-HÜNJI» HK TÄZE TELEKEÇILIK TASLAMALARYNY DURMUŞA GEÇIRÝÄR

?Ak-hünji» hususy kärhanasy ýerli çig maldan - polipropilenden listleýin plastik önümçiligini özleşdirdi. Täze enjamda ekstruziw usul ulanylyp, täze materialyň synag tapgyry çykaryldy. Çig mal hökmüde Balkan welaýatynda ýerleşýän polimer öndürýän gazhimiýasy toplumynyň önümi ulanylýar. Kärhananayň baş direktory Begmämmet Çaryýewiň aýtmagyna görä, täze önüm köp ýerde ulanylyp bilner. Ol suwa düşülýän howdanlaryň gurluşygynda bezeg serişdesi hökmünde, ýelejirediş ulgamlarynda, laboratoriýa enja...

DOWAMY
pic
20 Maý

ÝURDUMYZYŇ AWIAMODELÇILERI GÜÝÇLINI KESGITLEDILER

Aşgabadyň golaýynda 2020-nji ýylyň ilkinji awiamodel ýaryşlary: uly ýaşly türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty we ýetginjerkleiň arasynda milli birinjilik geçirildi. Ýaryşy awiamodelçiler – planerleriň radiodolandyryşly modelleri bilen çykyş edýän türgenler açdylar. Sport ussatlarynyň dördüsi ýurdumyzyň çempiony adyny almak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşa gatnaşanlaryň modelleri uçup, soňra ýerden dolandyrylýan planer howa akymynda 8 minut gaýyp, bellenilen nokada gonýardylar. Uçuşyň do...

DOWAMY
pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞ BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa we maliýe-ykdysadyýet toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary B.Öwezowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, dünýäde we sebitde ýaýran ýeňil bolmadyk epidemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüş depginini saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hökümet mejlislerinde bellenen çäreleriň...

DOWAMY
pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE KANADANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON GEPLEŞIGI

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kanadanyň Daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we onuň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri barada pikir alyşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen utgaşykly hereketleri amala aşyrmaga özara derejede taýýardyklary barada nygtaldy. Şeýle hem p...

DOWAMY
pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE ITALIÝANYŇ DAŞARY-SYÝASУ EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Şu gün, 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Italýan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikleri geçirildi. Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary COVID-19 täze koronawirusynyň ýaýramagy bilen bagly häzirki ýagdaýlara we onuň garşy çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bar bolan tejribäni we mümkinçilikleri işjeň herek...

DOWAMY