RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Few

AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr. Duşuşygyň barşynda...

DOWAMY
pic
26 Few

AŞGABATDA ÝEWRAZIÝA TOPARYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda «Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri» atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda hususy pudagyň we täjirçilige...

DOWAMY
pic
24 Few

DUBAÝDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY» HALKARA ROUND-ŞOU AÇYLDY

2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda Dubaýda «Hyatt Regency» myhmanhanasynyň «Al Maha» maslahatlar zalynda «ТOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahatynyň we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» Halkara round-şounyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri daşary ýurt maýadarlarynyň, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň, hökümet wekiliýetleriniň we söwda kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýändir. Dünýäniň 40-a golaý ýu...

DOWAMY
pic
19 Few

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň G...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY

2020-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Tatarstan Respublikasynda boldy.  Saparyň barşynda Tatarstanyň Prezidenti R.N.Minnihanow bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamlarynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Pr...

DOWAMY
pic
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen duşuşdy.      Duşuşygyň barşynda taraplar ýüze çykyp biljek wajyp migrasiýa meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...

DOWAMY
pic
17 Few

AŞGABATDA SOMALI FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI AKKREDITIRLENDI

2020-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Jama Abdullahi Muhammed bilen duşuşyk geçirildi.  Mähirli salamlaşyp, taraplar Türkmenistan bilen Somaliniň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler. Ýokary derejeli saparlaryň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndak...

DOWAMY