SOŇKY HABARLAR
ÝHHG TÜRKMENISTANDA TELEWIDENIÝENIŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINIŇ TÄZE MODELLERI BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 5-6-njy iýunynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan «21-nji asyrda telewideniýeniň maliýeleşdirilmeginiň modelleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Çäräni Beýik Britaniýadan we Ukrainadan gelen halkara bilermenler geçirdiler we olar jemgyýetçilik telewideniýesiniň esasy ýörelgelerini we döwlet, täjirçilik we jemgyýetçilik telewideniýesiniň maliýeleşdirilmeginiň däp bolan modelleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çärä Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kin...
DÖM ULGAMYNDAKY MEÝLETIN MILLI SYN BOÝUNÇA TANYŞDYRYŞ ÇÄRESI
2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şeýle hem BMG-niň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň deslapky tanyşdyrylyş dabarasy geç...
AŞGABATDA «AMYDERÝANYŇ AŞAKY AKYMYNDA EKOULGAMLAÝYN ÇEMELEŞMÄNIŇ ESASYNDA ÝERDEN PEÝDALANMAK WE EKOULGAMLARY GORAP SAKLAMAK» ATLY SEBITLEÝIN TASLAMASY BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Amyderýanyň aşaky akymynda ekoulgamlaýyn çemeleşmäniň esasynda ýerden peýdalanmak we ekoulgamlary gorap saklamak» atly sebitleýin taslamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa ornaşdyrylýan bu taslamanyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bolup durýandyr. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Ob...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlap Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alnyp barylan işleriň netijeleri barada wise-premýerler hasabatlaryny berdiler. Türkmen Lideri kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET DEREJESINDÄKI WEKILIÝETI PETERBURGYŇ HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi. Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.
AŞGABATDA «MERKEZI AZIÝADA DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDE SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ ORNY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, şol sanda BMG-niň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçyl...
TÜRKMENISTANYŇ WELOSIPED SPORTUNDA GAZANAN ÜSTÜNLIKLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Türkmenistanyň welosiped sportunda gazanan üstünliklerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge gatnaşyjylar ýurdumyzda, şeýle hem dünýä derejesinde welosiped sportunyň ilerledilmegine goşýan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyklaryny bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidentine welosiped sportunyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin Welosipedçileriň halk...