SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeriň Türkmenistana saparynyň çäklerinde onuň Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň esaslandyrylan gününiň 20-ýyllygy mynasybetli gutlaglaryna minnetdarlyk bildirip, jenap Greminger Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn ösüşe, şeýle hem sebit derejesinde, edil şonuň ýaly-da global ölçeglerinde parahatçylygyň we ösüşiň saklanylmagyna gönükdirile...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA ÖZARA BÄHBITLI IŞEWÜR HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY KESGITLEDI
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy. Mejlise gatnaşmak üçin Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda puda...
AŞGABATDA BMG-NIŇ KONTRTERRORÇYLYK MÜDIRLIGINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji aprelinden 19-njy apreli aralygynda BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň Direktory Jehangir Han Aşgabatda iş sapary bilen bolýar, ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşar. 15-nji aprelde Jehangir Hanyň Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hemişelkik bitaraplyk derejesiniň nazarda tutulmagy bilen häzirki zaman wehimlere we howplara öz wagty...
ÝHHG-NYŇ MERKEZI AZIÝADAKY WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygynyň açylyşy boldy. Duşuşyga ÝHHG-nyň Sekretariatynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Merkezi Aziýadaky meýilnamalaýyn edaralarynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wekilleri, ÝHHG boýunça utgaşdyryjylar, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky wekilýetleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň degişli edarala...
BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Nikolaý Ýankow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Bolgariýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardy...
«ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA ТÜRKMENISTAN-ÝB DIALOGYNYŇ» NOBATDAKY TAPGYRY AŞGABATDA GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogynyň nobatdaky 11-nji tapgyry geçirildi. ÝB-niň wekiliýetine Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary müdirliginiň başlygy B.Ýaroşewiç ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekil – Türkmenistanyň Ombudsmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşar...
PALESTINA DÖWLETINDE DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy martynda Ramalla şäherinde Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Palestina tarapyndan gepleşiklere Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamia ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-palestina gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler we syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň yzygiderliligini belläp geçdiler. Taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn...