SOŇKY HABARLAR
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 19-njy martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy. Özüniň döwlet saparynyň üçünji gününde Belent mertebeli myhman Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyş boldy. Onuň Alyjenaby Patyşa dünýä ýüzünde şöhrat gazanan nepis türkmen halylaryny aýratyn synlap, olaryň dokalyş aýratynlygyna haýran galdy. Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Hormatly myhmanlaryň...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 17-nji martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Şol gün agşam belent mertebeli myhmanyň rezidensiýasynda onuň Bahreýniň işewürleri bilen duşuşugy geçirildi. 2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşa...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNYŇ BOLMAGYNA GARAŞYLÝAR
2019-njy ýylyň 17-nji martynda Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Aşgabada döwlet sapary bilen gelýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýnyň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda duşuşyk guralar. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň liderleri syýasy, bank we nebitgaz ulgamlarynda, himiýa senagatyny şeýle-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň gelj...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, umumy taryhy we medeni arabaglanyşygy bolan bu iki döwletiň dostlukly gatnaşyklary barada aýdylanda, taraplar ynanyşmak, goldamak we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini aýratyn belläp geçdiler. Halkara syýasy giňiş...
TÜRKMENISTAN WE BAHREÝN ÄHLI UGURLAR BOÝUNÇA ÖZARA GATNAŞYKLARY MUNDAN BEÝLÄK HEM GIŇELTMÄGE YGRARLYDYKLARYNY TASSYKLADYLAR
2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli wekiliýeti geldi. Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gutlag sözlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanow we Bahreýn Patyşalygy...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TUNIS RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Tunis Republikasynda iş saparynda boldy. Türkmenistanyň wekiliýeti Tunis Republikasynyň Prezidenti Beji Kaid Es Sebsi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Tunisiň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur hormatyny beýän etdi hem-de häzirki döwürde türkmen-tunis gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginiň wajyplylygyny nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, iki döwletiň halkara giňişliginde, esasa...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şalar Geldynazarow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowinde öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetir...