RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Few

TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...

DOWAMY
22 Few

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri­ni ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Sul­tan Bin Said Al-Man­su­ry ka­bul et­di. Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik hem-de türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li gar­şy­lan­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za BAE-niň Pre­zi­den­ti Şeýh Ha­lif Bin Za­ýed Al Na­ha­ýa­nyň mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de se­bit äh­mi­ýet­li no­bat­da­ky giň möç­ber­li tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­l...

DOWAMY
17 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRLEN MASLAHAT

2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi.  Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...

DOWAMY
9 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Berger bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan üstünlikler we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn özarab...

DOWAMY
9 Few

TÜRKMENISTANYŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ WEKILLERI ÜÇIN BRIFING GEÇIRDI

2018-nji ýylyň 8-nji ferwalynda Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasynda bolýan ýurdunyň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi, onuň barşynda gatnaşyjylar 2017-nji ýylyň esasy jemleri we 2018-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Brifingde Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçisi 2017-nji ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin netjeli bo...

DOWAMY
8 Few

AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bu çäräniň guramaçylary boldular. Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamyndaky ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary girdiler....

DOWAMY
6 Few

HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp taraplar geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki...

DOWAMY