img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýul

AŞGABAT ŞÄHERINDE ÝEWROPA BILELEŞIGI-MERKEZI AZIÝA WE OWGANYSTAN DÖWLETLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine ÝB-niň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Žan Kristof Bellýar ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň gün tertibine terrorçylyk, radikalizm, ekstremizm ýaly halkara hem-...

DOWAMY
pic
6 Iýul

ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 4-5-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ženewa şäherinde iş saparynda boldy. Bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaerowa, Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ilçi Robertu Azewedu, Parlamentara Birleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong, Halkara Gyzy...

DOWAMY
pic
5 Iýul

TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY KITABYŇ TÜRK DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türki dilli halklaryň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Düsenbaý Kaseinowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. T...

DOWAMY
pic
27 Iýun

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 23-25-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäräni Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk baradaky ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi gurnadylar. Çärä HHR-nyň hökümet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri, paýtagtyň häkimliginiň, ylmy-barlag institutlaryň wekilleri, medeniýet işgärleri, Pekinde işleýýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhan...

DOWAMY
pic
26 Iýun

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI

2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda  medeni hukuklara ählumumy  hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi. Bu Bilelikdäki beýannamanyň Türkmenistan bilen bilelikde awtordaşlary bolup 24 sany döwlet çykyş etdi – Owganystan, Albaniýa, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Gruziýa, Eýran Yslam...

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherinde Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kuniýo Mukuriýa bilen duşuşdy. Duşuşykda Guramanyň halkara gümrük hyzmatdaşlygy babatda geljegi bolan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekilip, Türkmenistanyň döwrebap infrastuktura desga...

DOWAMY
pic
22 Iýun

BRÝUSSELDE TÜRKMEN-BELGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Belgiýa patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Belgiýa tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Aksel Kenes ýolbaşçylyk etdi.    Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekd...

DOWAMY