SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ SEULDAKY ILÇIHANASYNDA BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy nukdaý-nazarlaryna we Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä KR-yň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, “Merkezi Aziýa - Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň,...
SERHETABAT-TURGUNDY TÄZE TÜRKMEN-OWGAN DEMIR ÝOLY BOÝUNÇA OTLYLARYŇ HEREKETI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-mi...
MARYDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇY KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda Mary şäherinde Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirirjisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 25-nji mejlisi geçirildi, oňa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aziýa Ösüş Bankynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzünde mundan beýläk-de amala aşyrylmagy boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, taslamany tapgyrlara böl...
TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Sultan Bin Said Al-Mansury kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Halif Bin Zaýed Al Nahaýanyň mähirli salamyny hem-de sebit ähmiýetli nobatdaky giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçiril...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANYP GEÇIRLEN MASLAHAT
2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezid...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Berger bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan üstünlikler we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn özarab...